Doglan gününde geçiren gollary bilen toparyna ýeňiş gazandyrdy

Italiýanyň çempionaty Serie A-da Milan çempionlygyň bosagasynda dur.Rossenerililer galan 2 oýunda 4 utuk gazansalar, onda 11 ýyldan soň Skudettony eýelärler. 36-njy tapgyrda myhmançylyka Werona bilen duşuşan Milan 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýnuň 38-nji minutynda Faraoniniň goly bilen öňe Werona öňe saýlandy. Ýöne Milan 1-nji ýarym tamamlanmanka hasaby deňlemegi başardy.Rafael Leaonyň pasyndan soň Milan 45+3-nji minutda Sandro Tonali hasaby deňledi. 2-nji ýarymyň başynda, has takygy, 50-nji minutda edil 1-nji goldaky ýaly ýene-de Leaonyň pasyndan soň Tonali tapawutlanyp, Milany 2-1 öňe çykardy.

Oýnuň 86-njy minutynda-da Florenzi duşuşyga soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan Milan utugyny 80-e çykaryp, 2 günden soň täze liderlige gaýdyp geldi.Duşuşykda Milanyň 2 goluny geçiren Sandro Tonali 21-nji asyrda özüniň doglan gününde tapawutlanan 3-nji milanly oýunçy boldy. 22 ýaşyny dolduran Tonaliden öň Hose Mari bilen Stefan El-Şaarawi hem öz doglan gününde gol geçiripdi.

Tonali 34-nji tapgyrda 90-njy minutdan soň Lasionyň derwezesinden hem ýeňiş goluny girizipdi.

Ýene degişli makalalar

Ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Ýewropada ýeňilmedik ýok
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Magtymguly Pyragynyň goşgular kitaby ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar