Doglan günde şem üflemek däbi

Süýjülik torty islendik baýramçylygyň, dabaralaryň we iň esasy hem doglan günleriň meşhur tagamlarynyň biri hasaplanýar.Hatda bu süýji tagama doglan günüň nyşany diýsek hem bolar. Çünki doglan günleriň ählisi hem süýjülik torty bolmazdan geçmeýär.

Doglan gün bellenende tort kesmezden öň, üstüne ýaşyň bilen bagly şemler goýulýar. Şemler ýakylandan soň bolsa, arzuwlar edilip, üfläp öçürilýär.Eýsem, süýjülik tortunyň üstünde şem ýakmak däbi nireden gözbaş alýar?

Näme üçin doglan günlerde şem ýakylýar?Doglan günde şem bilen bezelen tort kesmek däbi Germaniýadan gözbaş alýar.Kinderfest ady bilen meşhur bolan bu däbe görä, hossarlary çagalaryň doglan günlerine üstünde şem goýlan tort sowgat edipdirler.

Bu däp boýunça şem ýakylandan soň, öýüň çyrasy öçürilipdir we çagajyk gowy arzuwlar edip şemi üfläpdir.Olar şemiň yşygyna durmuşyň çyrasy diýip düşünip, arzuwlaryna has çalt gowuşjakdygyna, bagtly boljakdygyna we üstünliklere ýetjekdigine ynanypdyrlar.

Bu däp wagtyň geçmegi bilen Ýewropada meşhur bolup, dünýäniň beýleki halklaryna hem ýaýraýar. Şem üflemek däbiniň has irki nusgasy Gadymy Gresiýadan gözbaş alýar.Grekler Aý hudaýy Artemisiň doglan gününi bellemek üçin tort bişirip, üstünde Aýyň şekilinde şemleri ýerleşdiripdirler.

Arzuwlar edilenden soň bolsa, şemleri üfläp öçüripdirler.Grekler şem öçürilende çykýan tüssäniň arzuwlary ýokary alyp gidýändigine ynanypdylar. Şeýlelikde, şem islegleriňi hasyl edýän serişde hökmünde peýdalanylyp başlanypdyr.Rim imperiýasy döwründe hem şem bilen bezelen tortlar meşhur bolupdyr.

Imperatoryň we döwlet işgärleriniň doglan gününi bellemek üçin süýjülik çörekleri bişirilip, üstünde şem ýakylypdyr.Wagtyň geçmegi bilen bu däp ýerli ilatyň arasyna ýaýrap, ýurduň esasy däpleriniň birine öwrülipdir.

Halklaryň köpüsinde diňe doglan günde däl, eýsem, beýleki baýramçylyklardyr adaty günlerde hem şem ýakylyp, işiň şowly bolmagy üçin arzuwlar edilýär.Köpler şemi bir demde üfläp öçürmegiň arzuwyňa has çalt ýetirýändigine ynanýarlar. Şemleriň käbiriniň öçmän galmagyna gynanyp, üstünlik gazanyp bilmerin diýip tukatlanýarlar.

Umuman, doglan günüňde şem üflemek we süýjülik tortuny kesmek däbi adamzadyň arzuw-niýetleri hem-de geljege bolan ynamy bilen baglanyşykly dörän adatlaryň biridir. /* custom css */ .td_uid_15_67373a0ce8e68_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67373a0ce8e68_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Atatürküň Doglan Öýüni Görmäge Her Gün Ýüzlerçe Adam Gelýär
2025-nji ýylda şowlulygyň alamatlary: ýaşyl ýylan kime üstünlik we abadançylyk getirer
Zyýat Hiliň süýji tortlary: özüňize hakyky baýramçylyk sowgat ediň
Üzüm kafesi maşgala dabaralaryny guramak hyzmatyny ýerine ýetirýär
Prezident Erdogan Özbek Kärdeşini Doglan Güni Bilen Gutlady
Jokrama yssyda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mejbury belledilýär