16-17-nji noýabrda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar dostluk festiwalyna geldi. Festiwala Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz Gutlaglaryny iberdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dostlukly ýurtlar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda geçilýän menziller aýdyň görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistanyň durnukly, parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmündäki abraýynyň barha artýandygyndan, taryhy-medeni gymmatlyklary bilen halkara bileleşige has doly açylýandygyndan nyşandyr.
Bir derýanyň suwuny içýän, bir serhedi paýlaşýan, asyrlaryň dowamynda biri-birine goňşy bolup oturan türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar bu gün döwlet Baştutanlarynyň tagallasy bilen has döwrebap häsiýete eýe bolýar. Bu gatnaşyklar iki goňşy halkyň arasyndaky ýakynlygy, dostlugy, doganlygy pugtalandyrýar.
2010-njy ýylda Daşoguz welaýatynda geçirilen dostluk festiwaly asyrlaryň dowamynda kemala gelen türkmen-özbek gatnaşyklaryndaky hoşniýetliligiň, raýdaşlygyň belent dabaralanmasy boldy. Şu günki günde ýeňil senagat, maşyngurluşyk, nebithimiýa, oba hojalygy we gurluşyk serişdeleri ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn şertnamalaryň 194-si bellige alyndy.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde eýýäm amala aşyrylan iri energetika taslamasy bolan TürkmenistanÖzbegistanGazagystanHytaý ugry boýunça gaz geçiriji taslamasy bar. Ürgenç şäherinde Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylmagy döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly orun eýeledi. Şu ýylyň 13-nji iýulynda Buharada birinji Türkmen-özbek sebit forumy, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2007-2022-nji ýyllarda özara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 25-si ýokary derejede guraldy. Özbegistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň döwletimiz tarapyndan öňe sürlen 17 Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edýär hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna gatnaşyjy bolup durýar.
Aşgabatdaky Daşkent seýilgähiniň we Daşkentdäki Aşgabat seýilgähiniň özbek-türkmen dostlugynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygynyň aýdyň nyşanlary bolandyklaryny aýratyn nygtamak zerur.
Heňňamyň öwrümli ýollarynda bagry badaşan bu iki halky baglanyşdyrýan dostluk, doganlyk gatnaşyklary wagtyň synagyndan geçip, müňýyllyklaryň dowamynda has-da berkedi.Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi.
Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarynda öňe ilerlemeler aýdyň duýulýar.Hormatly Prezidentimiziň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmaklarynda paýtagtymyzdaky Daşkent dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy, şeýle hem teleköpri arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagy iki ýurduň arasynda ýola goýulýan medeni, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Zehinli iş hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurluşygy amala aşyrylan, umumy meýdany 3 gektara barabar bolan Daşkent seýilgähiniň Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy özboluşly simwolika eýedir.
Türkmen-özbek gatnaşyklary beýik-beýik şahsyýetleriň atlary bilen hem berk baglydyr. Magtymguly Pyragy hem-de Alyşir Nowaýy ýaly beýik ussatlaryň hormatyna guralýan çäreler halklary jebisleşdirýär. Häzirki döwürde hem döwletara gatnaşyklarynda bu iki ýurduň alyp barýan syýasy gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy ýokary derejededir.
Welaýatymyzda 16-17-nji noýabrda geçirilen Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly bolsa iki halkyň gadymy dost-doganlyk ýörelgesiniň dowamatynyň dowam bolýandygyny alamatlandyrdy. Welaýat merkezi bolan Daşoguz şäherimizde geçirilen dost-doganlyk festiwalyna gatnaşan doganlyk ýurdumyz bolan Özbegistan döwletinden gelen döredijilik işgärleriniň Türkmeniň ak öýi binasynyň öňündäki meýdançadaky çykyşlaryndan başlanan dabaralaryň tutuş dowamynda birek-birege dostluk, mähribanlyk duýgulary paýlanyldy.
Halkyň Arkadagly zamanasynyň altyn güýzüniň ajaýyp günlerinde doganlyk Özbegistanyň sungat ussatlary duz-çörek bilen garşylandy.Welaýatymyzyň Türkmeniň ak öýi binasynda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly ýokary guramaçylyk derejesinde açyldy. Şol ýerde hem iki doganlyk ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Ýaňlanan gazallarda, aýdym-sazlarda dost-doganlygyň, Garaşsyz Diýarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň waspy ýetirildi.
Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Altyn ýol geňeşliginiň Medeniýet öýünde iki doganlyk halkyň kino sungatynyň görkezilişi guraldy.
Şu pursatdan peýdalanyp ýurdumyzy dünýäde dostana gatnaşyklary bilen meşhurlyga eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle meşhurlygy has-da pugtalandyrýan Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýäris.
Arazbike Söýünowa,
Daşoguzpoçta welaýat kärhanasynyň poçta daşaýan bölüminiň operatory, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.