Döwrüň derwaýys meselesi

Hormatly Prezidentimiz 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy we Kuksaroý köşgünde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.Gepleşikleriň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar halkara we sebit syýasaty meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Aşgabat bilen Daşkendiň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Saparyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň serhetüsti derýalarynyň suw serişdelerini adalatly we rejeli peýdalanmak babatda netijeli gepleşikleri dowam etmek we Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak barada ylalaşdylar.Şeýle hem taraplar Aral heläkçiliginiň täsirine düşýän etraplary ekologiýa taýdan sagdynlaşdyrmaga gönükdirilen ekologiýa hem-de ylmy-tehniki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde Araly halas etmegiň Halkara gaznasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny bellediler.Daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.

Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagynyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär.Ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýaty tutýan meýdany boýunça 73 430 inedördül kilometr meýdany eýeläp, Aral deňziniň täsirine has ýakyn sebit bolup durýar.

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem-de ählumumy derejede welaýatymyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Daşoguz welaýatynyň ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak üçin biziň döwletimiz tarapyndan suw üpjünçiligini gowulandyrmak, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek boýunça ençeme taslamalar durmuşa geçirilýär.Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki Bötendag belentliginiň töwereginde zyýanly tozanlaryň öňüni almak maksady bilen 20 müň gektarlyk tokaý zolagynyň düýbüniň tutulmagy bilen bu ýerde Aral deňzinden göterilýän duzly tozanyň öňüni almak maksady bilen şorlaşan toprakly ýerlerde gyrymsy we ýarym gyrymsy ösümlikler oturdyldy we bu işler dowam etdirilýär.Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda hem uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden şor-zeý suwlaryny ýygnamak üçin Garagumuň merkezinde Altyn asyr Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, ýaşalýan ýerlerden şor we zeý suwlary sowýan akabalar ýeke-täk bir suw ulgamyna birikdirildi.

Birnäçe ýyl geçensoň, tebigy biologik ýagdaýlaryň netijesinde suw kabul ederlikli kadalara çenli arassalandy, ol ýerde ösümlikleriň, balyklaryň we guşlaryň köp görnüşi peýda boldy.Şular ýaly görlüp-eşidilmedik taslamalary amala aşyryp, biziň ýurdumyzyň bütin dünýä üçin geljege gönükdirilen ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmegiň iň işjeň merkezleriniň birine öwrülmegi üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilýär.

Ilatyň saglygyny ekologiýa howplaryndan goramak babatda öňdebaryjy bolmak bilen, gazna oýlanyşykly, sowatly meýilleşdirmegiň we dizaýnyň, iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň daşky gurşawy iň oňat geljegiň bähbidine adamlaryň saglygyny goramagy üpjün etmek arkaly ykdysady ösüşlere mümkinçilik berýändigi baradaky ynamy öňe sürýär.Ýurdumyz ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýýar.

Agzybirligiň we jebisligiň höküm sürýän ýerinde bolsa ýetilmejek sepgit, gazanylmajak ýeňiş ýokdur.Döwlet adam üçindir!diýen baş şygarly Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny dowamat dowam edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Ilaman Öwezow,Daşoguz şäherindäki Halkara howa menziliniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Ýene degişli makalalar

Güýzki köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär
Lebap welaýat tokaý hojalygy tarapyndan pürli we ýaprakly agaçlaryň nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirildi
Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär
13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Bilermenler Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar