Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan sebit we sebitara ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmekde özüniň tutýan ornuny barha pugtalandyrýar.Dünýä ýüzünde Türkmenistan ulag diplomatiýasynda sebit boýunça iň ýokary işjeňlik görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamynda ençeme oňyn teklipler öňe sürülýär we bu teklipler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ulag ulgamynda ençeme Kararnamalar kabul edildi.Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilelikde amala aşyrýan halkara taslamalarynyň ençemesine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýakynda Täjigistan Respublikasynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilen teklipleriň biri boldy.Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Taryhdan belli bolşy ýaly, iri halkara ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň ugrunda ýerleşen döwletleriň hemişe ykdysady we medeni ösüş derejesi ýokary bolupdyr.Logistik strategiýany ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hem-de Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Türkmenistan ulag düzümlerini kemala getirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljegi nazarlaýan täze ýollary açýar.
Ulag logistikasy dürli ulag görnüşlerini ulanmak bilen, halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda olaryň amatly, çalt we howpsuz daşalmagyny üpjün edýär.Bu bolsa dünýä bazarlarynyň ösýän döwründe ulag-aragatnaşyk infrastrukturalaryň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine amatly şertleri döredýär.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ilatyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşi gazanmak üçin ulag ulgamyny ösdürmegiň, bu ugurda halkara tagallalarynyň birleşdirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işler häzirki döwürde hem dowam edýär.
Ulag we aragatnaşyk toplumy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmakda we halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin toplumlaýyn çäreler görülýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz ynsanperwerlige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz bilen utgaşýar. Dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, GündogarGünbatar we DemirgazykGünorta ugurlarynda degişli ýollary baglanyşdyrýan esasy ýollarda milli düzümi has-da giňeltmek ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny ösdürmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň esasyny düzýär.
Ýurdumyzyň çäginden geçýän ÝewropaKawkazAziýa, OwganystanTürkmenistanAzerbaýjanGruziýaTürkiýe, ÖzbegistanTürkmenistanEýranOman ugurlary arkaly üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebitde we dünýäde halkara söwdanyň ösmeginde ähmiýeti artýar.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna hem möhüm orun degişlidir.Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr.Biziň ýurtlarymyz Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ulag gatnawlarynda geografik taýdan möhüm orny eýeleýär.
Munuň özi üç döwletiň çäginde Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirýän doly derejeli logistika merkezini döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda gatnaşyklaryň köp babatda halkara hyzmatdaşlar bilen ylalaşygyň gazanylmagyny üpjün etmäge ukyplydygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde has maksada okgunly amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu diplomatiýa ýöriteleşdirilen düzümler BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň AziýaÝuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy bilen işleri işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Aýsenem GARLYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.