Hökümet welaýatlarda ýene-de täze kottej jaýlary gurmak boýunça tabşyryklar berýär, ýöne hökümetiň ýerlerde gurýan täze jaýlary köplenç boş galýar.Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 17-nji oktýabrda bular barada giňişleýin maglumat berdi. “Soňky ýyllarda on müňlerçe täze kottej jaýlar guruldy.
Köplenç tutuşlygyna täze obalar bina edildi. Ýöne şol gurlan jaýlar köplenç boş galýar.Olaryň bahasy ýerleşýän regionyna baglylykda 400 müň 800 müň manat aralygynda üýtgeýär” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, agzalýan jaýlary satyn almak üçin döwlet raýatlara karz pul mümkinçiliklerini hödürleýär, ýöne ýurtda dowam edýän häzirki şertlerde adamlar artykmaç maliýe çykdajylaryny öz üstüne almak islemeýär; şol sebäpden, täze jaýlaryň köpüsi eýesiz galýar. “Soňky ýyllarda käbir döwlet edaralary öz işgärlerini şol jaýlardan karzyna satyn almaga mejbur edip başlady. Ýöne karzyna kottej alan ýaşaýjylar soňy bilen aýlyk töleglerini geçirip bilmäni jaýy yzyna tabşyrmaga mejbur bolýarlar. Şeýdip olar jaýy alanda ilkibaşda tölän başlangyç töleglerini hem yzyna alyp bilmeýärler” diýip, habarçy belledi.
Muňa garamazdan, Türkmenistanda täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny, täze obalary gurmak işlerine säginmäni dowam etdirilýär.Golaýda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag hem-de Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde, türkmen metbugatynyň dili bilen aýdylanda, täze döwrebap obalaryň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.
Oňa prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.Resmi metbugata görä, bu obada 400 öý gurmak meýilleşdirilýär.Galyberse-de, prezident Gökdepe etraby bilen bir hatarda, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda-da täze obalary gurmak barada karara gol çekdi.
Azatlygyň habarçysy resmi metbugat tarapyndan döwrebap häsiýetlendirilýän täze obalaryň gurluşygynda we onuň ýerlenmeginde korrupsiýa ýol berilýändigini habar berýär.Ol regionlarda täze gurulýan jaýlaryň gurlup ulanylmaga berilmeginden az wagt geçenden soň, olaryň käbirleriniň diwarlarynyň çat açýandygyny belleýär.
Türkmenistanyň regionlarynda we paýtagtyň töwereklerinde şeýle ýaşaýyş jaý toplumlary, täze gurlan obadyr geňeşlikler dabara bilen açylýar.Wagtal-wagtal şeýle obalaryň açylyşyna prezidentiň hut özi gatnaşýar.Açylyş dabaralaryna niýetlenip tutuşlygyna täze gurulýan obadyr şäherjiklerde ýörite bazarlar, bazarlarda satyjylar, alyjylar we beýlekiler oturdylýar.
Medeniýet çykyşlary guralýar; tans edilýär, aýdym aýdylýar; täze açylýan obalardaky mekdeplerde dürli ýaşdaky çagalary, okuwçylary we mugallymlary görmek bolýar, ýöne açylyş dabarasy tamamlanan badyna täze gurlup ulanylmaga berilýän obalara gum-guk ümsümlik aralaşýar.
Muny Azatlygyň sahypasynda çap edilen bir wideoda görmek bolýar.Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky beýleki bir habarçysy sentýabryň aýagynda beren maglumatynda regionlarda gurulýan jaýlaryň bahalary barada şeýle maglumat berdi: “[Kottej jaýlaryň bahalary] döwletiň kesgitlän kursuna görä, 145 müň amerikan dollaryna golaý bolýar.
Gara bazaryň nyrhynda 26 müň dollardan gowrak bolýar. Öň jaýlary ipoteka esasynda 15 ýyla çenli üzüşmek şerti bilen satýardylar. Ýöne häzir bu möhlet dört ýyl edildi.Adamlarda dört ýyl däl, hatda 15 ýylda üzüşmäge-de ýagdaý ýok” Resmi mediada täze gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlary barada köpçülige ýetirilýän habarlarda olary satyn almagyň şertleri we jaýlaryň tölegleri barada maglumatlar agzalmaýar.