Döwrebap hukuk özgertmeleri amala aşyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda demokratik esaslar barha çuňlaşdyrylýar.Hukuk medeniýeti we işi has-da pugtalandyrylýar.

Halkymyzyň we her bir raýatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler alnyp barylýar.Alnyp barylýan döwlet ähmiýetli şeýle işleriň biri hem Esasy Kanunymyzyň jemgyýetdäki ornuny we ähmiýetini güýçlendirmek hem-de kämilleşdirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işlerdir.

Konstitusiýa Esasy Kanun bolmak bilen, beýleki adaty kanunlardan tapawutlanýar.Ilki bilen, Konstitusiýa iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan kanundyr.Bu kadalar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalarynda aýratyn bellenilýär.

Ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Täze kanunlar Watanymyzy depginli ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan ähli oňyn başlangyçlaryň özeninde halk we umumadamzat bähbitler göz öňünde tutulýar.

Milli kanunçylygyň barha kämilleşdirilýän döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda, hukuk ulgamyna hem sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi, bir tarapdan, döwletiň döwrebap hukuk ösüşini alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, raýat hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär. Munuň aýdyň mysalyny sanly ulgamdan peýdalanmak arkaly dolandyryş önümçiliginiň amala aşyrylmagynda görmek bolýar.

Şundan ugur alnyp, kanunçykaryjylyk işini ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ileri tutulýan ugra öwrülýär. Şunda hil taýdan täze derejä çykan we işjeň häsiýete eýe bolan parlament diplomatiýasynyň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda raýat jemgyýetini döretmek, raýat jemgyýetine mahsus bolan ençeme institutlary türkmen jemgyýetine ornaşdyrmak, şeýle hem ynsanperwerligiň jemgyýetde tutýan ornuny has-da kämilleşdirmek, hukuk ulgamynyň ýurdumyz, halkymyz üçin bähbitli bolmagyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan ugur alyp, döwletimiziň ähli ulgamlary barha kämilleşdirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan özgertmeler demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek ýaly maksatlara ýetmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda adam hukuklary, azatlyklary, kanunyň rüstemligi, halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy ykrar edilýär, döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwrebap hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar.

30-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda hem Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda, Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda, Diplomatik gulluk hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Üstünlikli amala aşyrylýan kanunçylyk özgertmeleri esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwrüň talabyna laýyk gelýän ösen syýasy ulgamy, özygtyýarly döwlet hökmündäki abraýy barha belende göterilýär, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygy barha ýokary derejede üpjün edilýär.

Gülnara ATAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Singapurda täze zawod gurar
Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Sarpasy belentde tutulýan zenanlar
Infrastrukturasyna düýpli maýa goýdy
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň öňdebaryjy zenanlary kesgitlenildi