DÖWREBAP ESERLERIŇ SAZLAŞYGY

DÖWREBAP ESERLERIŇ SAZLAŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2024-nji ýylyň 15-nji awgustynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Döwrebap eserleriň sazlaşygy atly guralan serginiň açylyş dabarasy boldy.Sergi Döwlet muzeýinde ilkinji gezek, hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilen nakgaşçylyk, amaly haşam, heýkeltaraşçylyk we zergärçilik sungatyna degişli bolan eserlerinden gurnaldy.

Bu sergide 55-den gowyrak nakgaş eserleri, Döwlet muzeýinde goralyp saklanylýan şaý-sepleri we maddy-medeniýetimize degişli önümleri wasp edýän natýurmortlar, ülkämiziň gözel künjekleriniň peýjazlary, taryhy-medeni ýadygärlikleriniň şekilleri, milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän taslama eserleri gatnaşdy.

Parfiýa döwletiniň tapyndylaryň nusga görnüşleri, tebigatymyzyň güllerinden ýasalan ikebanalar we ebru sungatyna degişli birnäçe eserler muzeýimiziň wagtlaýyn sergiler zalyny bezeýär.G.Baýramowyň Bagtyýar zamananyň nesili, O.Iljanowyň Altyn güýz, G.Ýazmuhammedowanyň Rahatlyk atly eserleri hasda täsirli görünýär.

Döwrebap we milli äheňde özara sazlaşykda bolan eserler, nepis ýerine ýetirilen kürtedir tahýalar, torbalar we milli öý bezeglerimiz, sergini görmäge gelen ildeşlerimiz we daşary ýurt myhmanlarymyzy haýrana goýýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Jidda şäherine geldi, Aşgabatda dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýär, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi we beýleki habarlar
Rahat Japarow bilen bile ýedi futbolçy Ahalyň türgenleşiklerine goşuldy
Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji ýyldaky iň gowy derwezeçisi Ahalyň düzümine goşuldy
Türkmenistanda Pemberton usuly arkaly ilkinji hirurgiki operasiýa geçirildi, Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler, Türkmen milli dünýä dilleri instituty Magtymguly dünýäsi atly ykjam programmany işe girizdi we beýleki habarlar
Ruslan Mingazow Gonkongyň futbol çempionatynyň iň gowy oýunçysy boldy
Hyundai Merkezi Turkmenistan HJ kompaniýalary we hususy awtoulag eýelerini hyzmatdaşlyga çagyrýar