
Ozal habar berşimiz ýaly, 15 — 20-nji aprelde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. Halkara ýaryşyň jemleri boýunça iň gowy teswirleýjä ýörite baýrak gowşuryldy. Bu baýraga Türkmenistan: Sport teleýaýlymynyň teswirleýjisi Döwletmyrat Orazberdiýew mynasyp boldy.
Mikrofonyň öňüne ilkinji gezek 2013-nji ýylda — Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çägindäki Altyn Asyr — Ahal duşuşygynda geçen Döwletmyrat indi 10 ýyldan bäri bu teleýaýlymyň esasy teswirleýjileriniň biridir. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.