5-nji dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.
Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda guralan çäreleriň üstüni ýetirdi.
Maslahatyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.Forumyň gün tertibine daşary ýurt dillerini okatmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, täze, döwrebap usullary ulanmagyň, alyş-çalyş maksatnamalary esasynda bilim bermegiň meseleleri girizildi.
Plenar mejlisde çykyş edenler şu gezekki maslahatyň bu ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança bolmak bilen, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleriniň arasyndaky ylmy dialogy giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini bellediler.
Dil bilimi babatda fransuz-türkmen hyzmatdaşlygyna, iňlis dilini öwretmegiň usullaryna, daşary ýurt dillerini öwretmekde inklýuziw tejribelere we edebiýatyň ornuna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.Günüň ikinji ýarymynda daşary ýurtly myhmanlar ussatlyk sapagyny geçdiler we türkmen kärdeşlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny daşary ýurt dillerini okatmak boýunça öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň taýýarlan Medeniýet halkyň kalbydyr atly konserti foruma gatnaşyjylar we onuň myhmanlary üçin döredijilik sowgady boldy.Bu gün forumyň işi Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde ýetilen sepgitler, Dilleri okatmagyň lingwodidaktik esaslary, Dilleri öwretmegiň döwrebap usullary we tehnologiýalary, Daşary ýurt dillerini okatmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň çäklerinde dilleri okatmagyň usulyýetiniň wezipeleri atly mowzuklaýyn bölümçeleriň 5-sinde dowam eder.
Mundan başga-da, daşary ýurt dillerini öwretmegiň milli we dünýä tejribesini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stol duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. /* custom css */ .td_uid_15_6752e97f559c2_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6752e97f559c2_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }