Düýn paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň gözel eteginde ýerleşýän Döwletliler köşgündäki çagalara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň çagalary Täze ýyl bilen gutlamaga gelen ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şonuň ýaly-da köp garaşylan Aýazbaba we Garpamyk, ýetip gelýän ýylyň nyşany bolan Gölejik çagalaryň myhmanlary boldular. Çagalaryň köpüsi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly döredijilik bäsleşikleriniň hem-de halkara festiwallaryň baýraklaryna eýe boldular. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi “Joşgun” tans topary bar.
Köşkde terbiýelenýänler şu günki dabarada hem myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik zehinlerini görkezdiler. Ýaş zehinleriň çykyşy Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň beýleki gahrymanlary bilen bilelikde arçanyň daşyndan el tutuşyp aýlanmak bilen tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan sowgatlara çagalaryň begenjiniň çägi bolmady. Şol sowgatlara ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleri, ýyly gyş eşikleri hem-de däp bolan süýji-kökeler girýär. Çagalara jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň sowgatlary hem gowşuryldy.