Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen milli ykdysadyýetimizde uly orun degişli bolan oba hojalygy pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek, ýer eýeleriniň işe bolan höwesini artdyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Uzak möhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi, ýokary hilli tohum, dökün, zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeler, suw bilen doly üpjün edilmegi, daşary ýurtlaryň iň kämil tehnikalarynyň, olaryň tirkeg gurallarynyň yzygiderli satyn alnyp berilmegi daýhanlara bol hasyl öndürmäge uly mümkinçilik berýär.

Oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasy netijesinde ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ykdysady kuwwatymyzyň barha ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Soňky ýyllarda oba hojalyk ekinleriniň köp mukdarda ösdürilip ýetişdirilmegi ýurdumyza daşardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmaga, eksport edilýän önümleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda welaýatymyzyň oba hojalykçylarynyň gadamlary batly.Olar daýhanlar üçin döredilýän uly mümkinçiliklerden ýerlikli we netijeli peýdalanmak bilen, oba hojalyk ekinleriniň ähli görnüşlerinden bol hasyl almak ugrunda aladalanýarlar.

Gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň idegini birkemsiz berjaý edip, olaryň kadaly ösüşini gazanýarlar. Şonuň ýaly hem azyk bolçulygynda uly orun degişli bolan türkmeniň guşgursak ak bugdaýyny kemala getirmekde hem baý daýhançylyk tejribesini ylmyň gazananlary bilen baglanyşdyryp, yhlasly zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde, welaýatymyzda ak bugdaýyň bitginli hasyly kemala gelen, altynsow reňke giren bugdaýly meýdanlary synlanyňda daýhan azabynyň ýerine düşjekdiginden habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda toý saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirip, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda iýun aýynyň 3-ine, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda iýun aýynyň 10-yna galla oragyna girişmäge ak pata berip, il sylagly ýaşulularymyza Bissimilla bilen galla oragyna başlap bermegi haýyş etdi.

Tutuş welaýatymyzyň ähli gallaçy-kärendeçileri, beýleki oba hojalyk pudagyna degişli işçi-hünärmenleri öňde durýan galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn taýýarlyk gördüler.

Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ýerlerdäki ilkinji guramalary bilen bilelikde galla oragy möwsüminde zähmet adamlarynyň aralarynda bolup, olaryň işe bolan höwesini artdyrmagy, armasyny ýetirmegi, öňdebaryjy mehanizatorlary, kärendeçileri höweslendirmegi göz öňünde tutýarys.

Günortanky arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde medeni çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris.Bu bolsa möwsümiň ýokary depginlerde gitmegine, Watanymyzyň baş baýlyklarynyň biri bolan guşgursak ak bugdaýy gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaga uly mümkinçilik berer.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, halal zähmet çekip, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!

Gülhumar HOJAHMETOWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler
Bilim ösüşleriň şamçyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki täze okuw jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar