Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler

Biosfera goraghanasy hem edil döwlet tebigy goraghanasy ýaly aýratyn goralýan tebigy meýdan hökmünde tebigy ekoulgamlary we kesgitlenen çägiň genofonduny öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we oňa gözegçilik etmek maksady bilen döredilendir. Biosfera goraghanalary ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygynda halkara we milli ylalaşyklaryň esasynda döredilýär. Häzirki wagtda dünýäniň 120 döwletinde 669 sany biosfera goraghanasy hereket edýär.

1972-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak meselesi boýunça geçiren maslahatyndan soň, dünýäde biosfera goraghanalaryna uly üns berlip başlanýar. Şondan soň ÝUNESKO-nyň Adam we biosfera taglymatynyň çäklerinde biosfera goraghanasy baradaky konsepsiýa işlenilip düzülýär.

Bu konsepsiýanyň esasynda daşky gurşawy bilelikde goramak maksady bilen döwletler öz çäginde biosfera goraghanalaryny döretmek barada karara gelýärler.Döwletleriň arasynda biosferanyň ýagdaýyna dünýä derejesinde gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen dünýäniň dürli ýer böleklerinde biosfera goraghanalaryny döretmek pikiri orta atylýar. 1978-nji ýylda dünýä boýunça ilkinji 7 sany goraghana Berezin, Kawkaz, Sary-Çelek, Sihote-Alin, Repetek, Prioks-Terras, Merkezi-Garatoprak goraghanalary biosfera goraghanalary diýlip yglan edilýär.

Biosfera goraghanasynyň baş maksady bellenilen çäkdäki biologik dürlüligi gorap saklamakdan we dikeltmekden, üýtgeýän ýagdaýlary tutuş dünýä derejesinde ylmy esasda öwrenmekden ybaratdyr. Biosfera goraghanasy tebigy goraghanalaryň, milli seýilgähleriň esasynda döredilýär.

Biosfera goraghanasy özara baglanyşykly 3 zolakdan durýar. Bu zolaklaryň her birinde gorag işi dürlüçe alnyp barylýar:

Esasy gorag zolagy ösümlik we haýwanat dünýäsine, goralýan meýdana antropogen täsirleriň ýetmedik ýa-da iň az derejede ýeten gymmatly tebigy toplumlary.

Bufer zolagy esasy gorag zolagy gurşap alýan, oňa ýanaşýan zolak. Bu zolak adamyň hojalyk işjeňliginiň goraghananyň esasy gorag zolagyna zyýan ýetirmesiniň öňüni almak maksady bilen aýratynlandyrylýar.

Geçiş zolagy başgaça aýdylanda antropogen landşaftlar. Goraghananyň bir bölegi bolup, goraghana meýdanyny tokaý, suw gurşawy ýa-da ilatly ýerler bilen birleşdirýär.

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän Repetek döwlet biosfera goraghanasy 1978-nji ýylda biosfera statusyna eýe bolan goraghanadyr.

Mukam JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy

Ýene degişli makalalar

Tramp wezipelere belledi
Ali Şir Nowaýy
Biometriki pasport üçin berilýän arzalarda daşary ýurtda bilim alýan talyplar öňdeligi düzýär
Maýmynlarda ýumor duýgusynyň bardygy belli boldy
Balkanda biometriki pasport nobatlary 2025-nji ýyla çenli uzady
NG Kutahya dükany öýüňizde rahatlyk döretmek üçin bio-kaminleri hödürleýär
Biotehnolog: gap-gaç ýuwulýan gubkalar — saglyga zyýanly bakteriýalaryň üýşýän ýeri