Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Şu gün — 1-nji ýanwarda Döwletliler köşgünde Täze ýyl dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi bagtyýar çagalaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

Döwletli çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk geldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdylar.

Zehinli çagalar dabara gatnaşýan myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy boýunça çykyş edip, özleriniň döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Olar bezelen arçanyň ýanynda goşgy okadylar, joşgunly tanslary, aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Konsertiň ahyrynda çagalar Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, aýdym aýtdylar.

Dabaranyň ahyrynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş we hoşallyk sözlerini beýan edip, Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny, gutlaglaryny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy
Täze ýylyň şanyna baýramçylyk dabarasy