Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

1-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýaş zehinli çagalar şu günki dabarada çykyş edip, öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler.Bezelen arçanyň ýanynda çagalar joşgun hem ylham bilen goşgy okadylar, tans etdiler, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Konsertiň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde çykyş etdiler.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk, edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Täze ýylyň şanyna baýramçylyk dabarasy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy