27-nji dekabrda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara türkmen Lideriniň sowgatlary gowşuryldy.
Bu ýere çagalary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlamak üçin Aýazbaba we Garpamyk, sungat ussatlary, bilim ulgamynyň wekilleri geldiler. “Joşgun” tans topary myhmanlary ruhubelent çykyşlary bilen garşylady.Köşkde terbiýelenilýänlere Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar aýdyldy hem-de ýurdumyzda öndürilýän dokma önümlerinden, gyş we sport lybaslarynyň toplumlaryndan, gyzjagazlar üçin milli nagyşlar bilen bezelen köýneklerden, süýji-kökelerden ybarat bolan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Bu ýerde terbiýelenilýänleriň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary — belli aýdymçylar çykyş etdiler.
Şu günki baýramçylyk dabarasy köp sanly Täze ýyl çäreleriniň başyny başlady. 28-nji dekabrda bu ýere Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalary gutlamak üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we medeniýet ulgamynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň wekilleri gelerler, olar hem çagalar üçin sowgatlary taýýarlapdyrlar.