
Garyşyk söweş sungatynyň PFL ligasynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyny ýene bir aýdan ― 17-nji awgustda geçirer.
Mälim bolşy ýaly, Döwletjan umumy baýrak gaznasy 1 million amerikan dollary bolan ligada ýarymfinala çykmagy başardy. Onuň ýarymfinaldaky garşydaşy awstraliýaly türgen Rob Uilkinson bolar.
Promouşen bu gezekki tutluşyklary Golliwud şäherinde geçirmegi meýilleşdirýär. Ýagşymyradow ― Uilkinson tutluşygynyň şol gün Aşgabat wagty bilen, takmynan, 06:00 töwereklerinde başlanmagyna garaşylýar.
Ýagşymyradow ýarymfinala kamerunly Simon Biýongy ýeňip çykan bolsa, Uilkinson çärýekfinalda ABŞ-ly Joşua Silweýrony ýaryşdan çykardy.
Bu tutluşykdan başga-da, ýarymfinalda Kasaganaý (ABŞ) ― Silweira (ABŞ), Rabadanow (Russiýa) ― Dufort (Kanada) we Primus (ABŞ) ― Kollard (ABŞ) tutluşyklary bolar.