Döwletjan Ýagşymyradow Kuruluş: Osman atly türk filminiň dördünji möwsüminde surata düşdi

Döwletjan Ýagşymyradow Kuruluş: Osman atly türk filminiň dördünji möwsüminde surata düşdi

Garyşyk tutluşyk boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow millionlarça tomaşaçylary özüne çeken Kuruluş: Osman atly türk filminiň dördünji möwsüminiň surata düşürilişine gatnaşýar.

Ýagşymyradow güýçli imperiýa döreden Osman begiň wepaly esgeri konýaly Balaban Alpyň keşbini ýerine ýetirýär. Döwletjanyň keşp janandyran täze filmi häzirki wagtda ATV ýaýlymynda tomaşaçylara hödürlenilýär.

Döwletjan Ýagşymyradow ozal filmiň üçünji möwsüminiň jemlemesinde surata düşdi.

Bu film Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy we döwleti dolandyrmagy bilen baglanyşykly gyzykly taryhy wakalary mazmunynda jemleýär.

Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator MMA guramasy bilen şertnama baglaşan ilkinji türkmenistanly türgendigini bellemek gerek. Ol amerikan promowşny bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Burak Özçiwit türkmenistanly janköýerlerine salam iberdi
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli
Döwletjan Ýagşymyradow 35 ýaşady
Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň reýtinginde ilkinji ýedilige girdi
Türkmen howa ýollary Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyrar, Ak şäherim Aşgabat sergisi iki gün dowam eder, Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi we beýleki habarlar