
Garyşyk söweş sungaty boýunça çykyş edýän türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow indiki söweşini PFL 5 turnirinde 22-nji iýun güni Solt-Leýk-Sitide kamerunly Simon Biýongä garşy geçirer.
Döwletjan Ýagşymyradow özüniň soňky tutluşygynda PFL 2 turniriniň çäginde sloweniýaly Jeýkob Nedo bilen söweşip, garşydaşyndan üstün çykypdy. 1 raund hem dowam etmedik tutluşyk Döwletjanyň tehniki nokaut arkaly gazanan ýeňşi bilen tamamlandy. Häzirki wagtda Döwletajnyň hasabynda 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.
Biýong hem özüniň soňky söweşini PFL 2 turniriniň çäginde geçirip, Antonio Karlos Juniordan ýeňlipdi. Häzire çenli Simonyň hasabynda 9 ýeňiş we 4 ýeňliş bar.