Döwletjan Ýagşymyradow eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda Biýongy ýeňlişe sezewar etdi

Döwletjan Ýagşymyradow eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda Biýongy ýeňlişe sezewar etdi

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow ABŞ-nyň Solt-Leýk-Siti şäherinde geçirilen PFL 5 turnirinde kamerunly Simon Biýongy ýeňlişe sezewar etdi.

Tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminler biragyzdan (30-27, 30-27, 30-27) Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler. Bu ýeňiş arkaly Döwletjan ýarym agyr agramda PFL-iň Gran-pri turniriniň pleý-off tapgyryna ýollanma aldy.

Häzirki wagtda Döwletjanyň hasabynda 23 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar. Biýong bolsa 14-nji tutluşygynda 5-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejede PFL-iň finalyna çykdy
Ýagşymyradow PFL-iň final tutluşygyny Kasanganaý bilen geçirer
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler
Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL Grand Prisiniň ýarymfinalyndaky garşydaşy belli boldy
Döwletjan Ýagşymyradowyň geçirjek ýarymfinal tutluşygynyň güni belli boldy