Döwletjan Ýagşymyradow 35 ýaşady

Döwletjan Ýagşymyradow 35 ýaşady

22-nji maýda garyşyk söweş boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow 35 ýaşady. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda önüp-ösen Döwletjan ilkinji üstünligini heniz 11 ýaşyndaka karate boýunça Türkmenistanyň çempionatynda gazanypdy.

Ol professional ringe ilkinji gezek 2021-nji ýylda çykdy. Höwesjeňler ligasyndan dünýäniň iň meşhur promouşenlerine çenli kämilleşen Döwletjanyň MMA-däki tutluşyklarynda 22 ýeňiş, 7 utulyş we bir sany deňlik bar.

Döwletjanyň özi häzirki wagtda 22-nji iýun güni PFL ― 5-iň çäginde kamerunly pälwan Simon Biýong bilen geçirjek tutluşygyna taýýarlanýar.

Döwletjan ahyrky tutluşygyny 13-nji aprelde PFL ― 2 agşamynda sloweniýaly Ýakob Nedo bilen geçirip, tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanypdy.

Şu salgyda ýerleşdirilen uly göwrümli söhbetdeşlik arkaly meşhur pälwanyň maksatlary bilen tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler
Döwletjan Ýagşymyradow Impa Kasanganaý: tutluşygyň başlaýan wagty we ony nireden görüp bolar
Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Türkiýeli aktýor Burak Özçiwit Türkmenistana geldi
Arkadagyň säheri halkara film festiwalynyň açylyşy gyzyl halydan geçmek bilen başlanar