Döwletimiziň Deňiz çäkleriy gtybarly goralýar

10-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly GüýçleriniňBelent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizdeýerleşýän Harby-deňiz Güýçleriniň Garşy deňiz birikmesine bardy wedeňiz han atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.Ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy dikuçarda wakanyň geçýän ýerine geldi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň Deňiz han atly korwet kysymly harby gämisiniň tanyşdyrylyşa taýýardygy barada hasabat berýär.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, awtoulagda gämi duralgasyna tarap ugrady.

Söweşjeň gämi tanyşdyryldyGarşy deňiz birikmesiniň mundan bir ýyl ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlendigini bellemek gerek.Bu harby birikmede harby gämiler üçin duralga göz öňünde tutulandyr, bu ýerde ýurdumyzyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Harby-Deňiz Güýçleriniň gämileri abatlaýyş kärhanasynda gurlan Deňiz han atly korwet kysymly harby gämi hem bar.Gäminiň serkerdesi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna söweşjeň gämi bilen tanyşlyga taýýarlyk barada hasabat berip, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň baýdagyny galdyrmaga rugsat bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlenýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň owazy astynda Döwlet baýdagy we Harby-Deňiz Güýçleriniň baýdagy galdyrylýar.Soňra hormatly Prezidentimiz bu häzirki zaman gämisiniň söweşjeň mümkinçilikleri, tehniki häsiýetnamalary hem-de gurluşynyň aýratynlyklary, bölümleriniň işleýiş usullary bilen tanyşdy.

Deňiz han gämisi garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanlaryny ýekelikde hem-de gämi urgy toparynyň düzüminde ýok etmek üçin niýetlenendir. Şol bir wagtda ol garşydaşyň gämi toparlaryny, desant otrýadlaryny ýok etmek, öz güýçlerimizi penalamak, toplumlaýyn aňtaw işlerini alyp barmak, suwüsti we suwasty giňişlige gözegçilik etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. Şeýle hem deňizde döwlet serhedini goramak, gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we halas ediş işlerini amala aşyrýar.Gäminiň harby gullukçylarynyň dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, hususan-da, Italiýada, Germaniýada, Türkiýede we beýleki döwletlerde ýörite okuwlary geçendiklerini hem-de hünär derejelerini ýokarlandyrandyklaryny bellemek gerek.

Gämide şeýle hem serkerdeleriň we deňizçileriň netijeli gulluk etmekleri hem-de göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredildi.

Gämileriň hereketine gözegçilik amala aşyrylýarSoňra hormatly Prezidentimiz harby birikmäniň dolandyryş binasyna baryp, dessin nobatçylaryň awtomatlaşdyrylan iş nokadynyň wezipeleri bilen gyzyklandy.Bu ýerde gulluk edýän serkerdeleriň biri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny dolandyryş nokadynyň işi, ýerine ýetirýän wezipeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar we sanly ulgam, elektron karta, şeýle hem ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdeleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan maglumat-dolandyryş ulgamynyň ýörite programma üpjünçiligi Hazar deňziniň giňişliginde ýolagçy we harby gämileriň hereketine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Munuň üçin deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmäge niýetlenen radiolokasiýa enjamy, şeýle hem Harby-Deňiz Güýçleriniň söweşjeň gämilerinde gurnalan tehniki toplumlar peýdalanylýar.Sanly ulgam hem-de aragatnaşyk hemra ulgamy arkaly gämileriň ýerleşýän ýeri, olaryň ýangyç we suw bilen üpjünçilik derejesi kesgitlenilýär.

Munuň özi dolandyryş nokadyndan harby gämiler bilen hemişelik aragatnaşygy saklamaga mümkinçilik berýär.Toplanylan maglumatlar dolandyryş bölüminde ýygnalýar we seljerilýär.Bu ýerde gurnalan enjamlar esasy wezipe-borçlarynyň ýerine ýetirilmegini ýeňilleşdirýär hem-de dessin maglumatlary zerur bolan ýerine ibermäge mümkinçilik berýär.

Dabaraly harby-deňiz ýörişiDolandyryş nokady bilen tanyşlyk mahalynda Deňiz han gämisiniň serkerdesi göni ýaýlyma çykyp, hormatly Prezidentimize dabaraly harby-deňiz ýörişine başlamaga rugsat bermek baradaky haýyş bilen ýüzlenýär.Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat berýär.

Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi.Olar ýurdumyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar.Dabaraly ýörişi Arkadag atly serhet gorag kateri açýar, ol Watanymyzyň deňiz serhetlerini goramakda özüniň ygtybarlylygyny görkezdi.

Onuň yzy bilen Harby-Deňiz Güýçleriniň esasy urgy güýji bolup durýan, iň häzirki zaman ýaraglar bilen üpjün edilen hem-de garşydaşyň suwüsti we pesden uçýan howa nyşanlaryny, desant toparyny hatardan çykarmaga hem-de döwletimiziň deňiz serhetlerini ygtybarly goramaga niýetlenen Edermen we Gaýratly raketa gämileri geçýärler.

Soňra gämileri ýangyç, agyz suwy, azyk we beýleki serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek, halas ediş işlerini ýerine ýetirmek, heläkçilige uçran gäminiň şahsy düzümini halas etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýän Harby-Deňiz Güýçleriniň Eserdeň atly 60 metr ululykdaky tirkeg-üpjünçilik gämisi geçdi.Dabaraly ýörişi dürli kysymly gorag gämileri dowam etdiler.

Olaryň hatarynda Galkan taslamaly Algyr we Hanjar gorag gämileri, Asuda, Mergen, Hüşgär we Synmaz serhet gorag gämileri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň garamagyndaky Sakçy taslamaly Naýza, Kämil, Galjaň we Gaplaň gämileri bar.

Bu gämiler garşydaşyň suwasty, suwüsti we howa nyşanlaryna garşy göreşmek, şeýle hem gözleg-halas ediş işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem olar Watanymyzyň deňiz giňişligindäki serhetleriň goragynda eserdeň durmak bilen, aňtaw işlerini alyp barmaga we suwüsti giňişlige gözegçilik etmäge ukyplydyr.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýörişiň dowamynda Umman gidrografik gämisi görkezildi, ol Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir.

Deňizde batimetriki ölçeg, deňiz düýbüniň gurluşyny barlamak, suwasty wideo we foto ýazgy etmek, suwuň düzümini öwrenmek hem bu gäminiň ýerine ýetirýän wezipeleridir.Soňra dabaraly ýörişden Harby-Deňiz Güýçleriniň Gujurly we Döwlet serhet gullugynyň Zarply tirkeg gämileri geçýär, olar deňizde halas ediş işlerini geçirmek, ýangyna garşy göreşmek, gämileri çekmek we itmek hem-de olaryň hereketlerine goldaw bermek üçin niýetlenendir.Döwlet serhet gullugynyň Kuwwatly atly ýük gämisi we Harby-Deňiz Güýçleriniň Berkarar atly desant kateri harby ýörişi dowam etdirýärler.

Bu gämiler ýörite maksatly toparlary, desantlary hem-de söweş tehnikalaryny düşürmek, kenardan-kenara alyp gitmek we getirmek üçin niýetlenendir.Şu gözden geçirilişe Asuda atly gidrografik gämi hem gatnaşdy.

Bu gämi deňiz çuňlugynyň tebigy relýefini öwrenmäge, gämileriň hereketi üçin deňziň çuňlugyny ölçemäge hem-de suwasty maglumatlary toplamaga niýetlenendir.Onuň yzy bilen Döwlet serhet gullugynyň TG-12 Bars taslamaly üç sany serhet gorag kateri geçýär.

Bu gämiler içerki suwlarda gämilere gözegçilik etmek, gorag we gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge niýetlenendir.Soňra Içeri işler ministrliginiň deňizde gözegçilik gullugyny ýerine ýetirýän Master-651 kysymly dört patrul kateri, Milli howpsuzlyk ministrliginiň Zodiac kysymly çalt hereket edýän söweşjeň gaýyklary, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň Dahl 20 kysymly asma motorly söweş gaýyklary göni ýaýlymda monitorlarda peýda bolýar.Deňze çykalgasy bolan islendik döwlet ýaly, biziň ýurdumyzyň hem öz deňiz serhetlerini goramak, parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek üçin söweşjeň harby gämileri bar.

Bu gämileriň Watanymyzyň şanly senesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň güýzünde geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşandyklaryny bellemek gerek.Hormatly Prezidentimiz milli deňiz flotunyň Hazar deňzinde geçirilen dabaraly ýörişiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň geljekde hem Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, harby deňizçileriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine aýratyn üns berjekdigini belledi.

Goranyş häsiýetli Harby doktrinada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekleri bu kysymly goşunlaryň harby gullukçylarynyň mukaddes borjy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdeleriniň hem-de deňizçileriniň öz üstlerine ýüklenen jogapkärli hem-de asylly wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Liwanda türk raýatlar ewakuasiýa edilýär
Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda
Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär
TJG Anadoly gämisi bir hepdäniň dowamynda raýatlara açyk bolar
TJG Anadoly gämisi halk köpçüligine açylar
TJG Anadoly gämisi Türkiyäniň Harby-deňiz güýçlerine gowşuryldy