Döwlet lukmançylyk uniwersiteti daşary ýurtly talyplary biologiýa olimpiadasyna çagyrýar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýerli we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny biologiýa boýunça 2-nji halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada 6-njy dekabrda geçiriler we talyplara biologiýa ugrundaky bilimlerini görkezmäge, şeýle hem halkara aragatnaşygy ýola goýmaga hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden ýaşlar bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.

Internet olimpiadasy barada goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň resmi web sahypasynda Olimpiada 2023 bölüminde ýerleşdiriler. Hasaba alyş 2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda 18:00-a çenli dowam eder.

Maglumat üçin telefon belgileri: (+993 12) 48-99-32, (+993 63) 58-51-11.

E-poçta: tdlu.olimp23@gmail.com

Ýene degişli makalalar

Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak atly onlaýn duşuşyk geçirildi
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
Türkmenistanda ýokary harby okuw mekdeplerini gutaranlar hormatlandy
Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
3-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Inçekeseli bejermek boýunça okuw