Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergi binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna bagyşlanan kitaplaryň, döwlet muzeýleriniň gaznasyndan milli gymmatlyklaryň sergisi hem-de Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, dünýä dolýar şany Magtymgulynyň! atly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýurtda alnyp barylýan işler, medeniýet we sungat ojaklarynda geçirilýän dürli medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde türkmen alymlarynyň alyp barýan işleri, ýazylan täze edebiýatlar hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de ýazyjy-şahyrlar Magtymguly Pyragy hakynda özleriniň döreden goşgularyny okadylar.