Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işine ýokary baha berildi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işine ýokary baha berildi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly gowşuryldy. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini üpjün etmekde, döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda hem-de kanunylygy, hukuk tertibini berk berjaý etmekde harby we hukuk goraýjy edaralara möhüm orun degişlidir.

Eziz Diýarymyzyň durmuşynda we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan medeni-köpçülikleýin çäreleriň, dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilendigini nazara almak bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de harby gullukçylaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň döwlet sylaglary bilen sylaglanýandyklaryny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň howpsuzlygyny, asudalygyny, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmekde, Watan goragçylaryny mertlik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlarynyň, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň hormatyna guralan dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmäge goşan şahsy goşantlarynyň nazara alnyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna hem-de harby gullukçylaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylýandygyny, şeýle hem olara harby we ýörite atlaryň dakylýandygyny, hünär derejeleriniň berilýändigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden kararlaryny okady we döwlet Baştutanymyza degişli döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny gowşurdy hem-de nobatdaky harby we ýörite atlary dakdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Ç.Amanowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyzy gowşurdy. Şeýle hem wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna general-polkownik harby ady dakyldy.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby kasama, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylygyň hem-de parahat we döredijilikli durmuşyň goragynda durmaga taýýarlygyň kasamyny aýtdy.

Soňra goranmak ministri, general-maýor B.Gündogdyýewe ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy.Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysyna general-leýtenant harby ady dakyldy.

Goranmak ministri sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby borja, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi.Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy.

IIM-niň ýolbaşçysy harby kasama, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize hemişe wepalylygyň hem-de parahat we döredijilikli durmuşyň goragynda durmaga taýýarlyk kasamyny aýtdy.Soňra Baş prokuror B.Atdaýew “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglandy.

Baş prokuror sylagy kabul edip, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi.Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesowa “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manady gowşuryldy. Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysy sylagy hoşallyk bilen kabul edip, Watanymyza hemişelik wepalylyk kasamyny aýtdy we geljekde hem özüniň mukaddes watançylyk borjuny abraý bilen berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew milli Liderimiziň özüne gowşuran “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyzy hoşallyk bilen kabul edip, harby kasamy aýtdy. “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglanylan Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby-watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew milli Liderimiziň gowşuran “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manady hoşallyk bilen kabul edip, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi B.Muhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Permanyna laýyklykda, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” ýubileý medalyna, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyza mynasyp boldy.Ministrligiň ýolbaşçysyna şeýle hem ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesi berildi.

Ministr sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby kasama, Watanymyza hemişelik wepalylygyň hem-de halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda durmaga taýýarlyk baradaky kasamy ýerine ýetirdi.Dabaranyň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik M.Hudaýkulyýewe “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy. Şeýle hem oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen polkownik harby ady dakyldy.

Gümrük gullugynyň ýolbaşçysy sylagy hoşallyk bilen kabul edip, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny aýtdy.Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik N.Atagaraýewe mynasyp bolan ýubileý medaly, ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz gowşuryldy hem-de oňa döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, polkownik harby ady dakyldy.

Gullugyň ýolbaşçysy sylagy hoşallyk bilen kabul edip, mukaddes kasamy aýtdy.Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugy boýunça A.Hudaýberdiýewe nobatdaky harby at dakyldy.Ol harby adyň nyşanyny kabul edip, harby watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi.

Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimize ýadygärlik sowgady gowşuryldy.Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny mynasyp bolan döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary hem-de berlen hünär derejeleri bilen gutlady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, dabara gatnaşyjylaryň ählisine Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2 aýda bitiren işleriniň jemine seretdi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi