Döwlet gullukçysy bolup işleýän robot işde ýadap, özüni basgançakdan oklady

Döwlet gullukçysy bolup işleýän robot işde ýadap, özüni basgançakdan oklady

Günorta Koreýada robot iş gününiň tüýs gyzyşan wagty basgançakdan gaçdy. Bu barada France 24 teleýaýlymyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Waka ýurduň Kumi şäherinde, robotyň gullukçy bolup işleýän edarasynda boldy. Ol resminamalary gerekli edaralara eltmek bilen meşgullanýardy hem-de ýaşaýjylara möhüm habarlary ýetiriýärdi.

Ýerli edara işgärleriniň biriniň gürrüňine görä, robot işdekä bir zady alada edýän ýaly, ikibaka aýlanmaga başlady. Soňra basgançaga tarap bardy-da, birinji ädiminde ýykyldy hem-de ýere gaçdy.

Häzirki wagtda hünärmenler ýagdaýy öwrenýärler. Hadysa robotyň agyr işden ýadandygynyň sebäp bolan bolmagy mümkin diýlip hem çaklanýar. Şäher häkimliginde robotyň yhlasly zähmet çekendigini hem-de işgärleriň arasynda uly hormatdan peýdalanandygyny aýdýarlar.

Resmi taýdan alnanda, ol häkimligiň bir agzasydy, biziň birimizdi diýip, häkimligiň ýolbaşçy işgärleriniň biri gynanjyny paýlaşýar.

Ýene degişli makalalar

Erkek kişi burny bilen ýalt harp ýygmakda rekord goýdy
Erkek kişi burny bilen çalt harp ýygmakda rekord goýdy
Yssy howa türk şäherinde asfalty eretdi
Hindistanyň iň baý maşgalasynyň näçe pulunyň bardygy belli boldy
Sisiniň Ankara Sapary
Eýranda otly demir ýoldan agyp, 10-dan gowrak adam heläk boldy