Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet oktýabr aýynyň ahyrynda Pekinde geçirilen Dolandyryş mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk atly döwlet dolandyryş akademiýalarynyň forumyna gatnaşdy.
Şeýle hem bu çärä Hytaý Halk Respublikasynyň Milli dolandyryş akademiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet dolandyryş akademiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Milli dolandyryş akademiýasynyň wise-rektory bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet dolandyryş akademiýalarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar dolandyryş akademiýalarynyň arasynda döredilen hyzmatdaşlyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar. Şeýle-de wekiliýetler HHR-iň Milli dolandyryş akademiýasynyň kitaphanasyna we muzeýine baryp gördüler.
Bu forum bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyryp, Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berer.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleriniň bu foruma gatnaşmagy sanly dolandyryş, institusional ösüş ulgamynda innowasiýa tejribesini öwrenmek üçin halkara guramalary we daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen guramalary bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrundaky tagallalara şaýatlyk edýär.