Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti Astanada geçirilen Döwlet dolandyryşy we döwlet gullugy: häzirki döwür we geljek atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.
Bu maslahat Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilip, ol halkara hünärmenleri, döwlet işgärlerini we alymlary bir ýere jemledi.
Bu çäre döwlet dolandyryşynyň we döwlet gullugynyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, döwlet gullugy ulgamynda strategiki özgertmeler baradaky teklipleri işläp düzmek üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde türkmen wekiliýeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň wise-rektory Margarita Kadyrowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar akademiýalaryň arasynda döredilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.