Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar

Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Hytaýda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň tejribesi bilen tanyşdylar

18—23-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Hytaýyň Şençžen şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Iş saparynyň dowamynda wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük gullugynyň Auditorçylyk gözegçiligi we kärhanany dolandyryş Departamentiniň Baş direktorynyň orunbasary jenap Çžu Fan we Ygtyýarly ykdysady operator (AEO) ulgamy boýunça hünärmenler topary bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük gullugynyň arasynda 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda AEO ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Şençžen, Tsindao we Şenýan gümrükhanalarynyň AEO hünärmenleri degişli AEO maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň tejribeleri we kynçylyklary dogrusynda çykyş etdiler. Çykyşlara has gowy düşünilmegi üçin Şençžen gümrükhanasynda ýerleşýän AEO okuw merkezine sapar guraldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, KTC Commercial Display kompaniýasynyň baş edarasyna tanyşlyk gezelenji geçirildi, bu ýerde AEO hünärmenleri we kompaniýanyň işgärleri AEO şahadatnamalaryny bermek prosesini görkezdiler.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Şençžen şäherine iş saparynyň çäginde portuň infrastrukturasy we gümrük amallaryny amala aşyrmak üçin portda ulanylýan iň täze akylly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Mawan akylly deňiz portuna baryp gördi.

Şeýle hem Şençženiň halkara poçta merkezine hem sapar guraldy.

Ýeri gelende bellesek, Ygtyýarly ykdysady operatoryň edarasy geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna girizilipdi.

Ýene degişli makalalar

1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hytaýda dünýäde ilkinji dolandyrylýan uçýan tarelkany synagdan geçirdiler
53 gatly kaşaň binanyň gurluşygyna badalga berildi
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi