
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, polkownik Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewe general-maýor harby ady dakyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, degişli Permana şu gün — 16-njy ýanwarda 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.