Döwlet derejesindäki korrupsiýa kepek söwdasyna baryp ýetdi

Döwlet derejesindäki korrupsiýa kepek söwdasyna baryp ýetdi

Türkmenistanyň etraplarynda mal iýmleri satylýan döwlete degişli dükanlaryň iým ýoklygy sebäpli köp ýerlerde boş durandygyny görse bolýar.

Kepegiň, sarunuň sanaw düzülip, ilata nobat bilen satylyp başlandygyna indi 4-5 aý wagt geçdi. Ýaşaýjylar muny wagtlaýynça bir çäre hasaplap, ýagdaýyň gowulyga üýtgemegine umyt eden bolsalar-da, iým gytçylygy ozalkysyndan hem beterleşip, onuň indi satuwa asla getirilmeýän wagtynyň bolýandygyny aýdýarlar.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Aşgabat daýhan birleşignden bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, döwlete degişli dükandan sarun hem-de kepek almak üçin, hojalygyňda malyň bardygy barada, oba geňeşliginden kepilnama alyp, soňra dükanda nobata durmaly.

“Emma ol nobat bilen wagtynda kepegem, sarunam alyp bolmaýar.Döwlete degişli dükana gelýän sarunuňam, kepegiňem mukdary juda az bolany üçin, oňa duran nobatlar asyl gozganmaýar.Mal iýmleriniň gelmegi barha azalýar. Ýaşaýjylar ýagdaýyň gowulaşmajakdygyna indi göz ýetirip ugradylar.

Sebäbi bu ýyl bugdaýdan hem hasyla garaşyp bolanok.Bugdaýlar bir garyş bolup guraşyp otyrlar.Ondan saman hem çykjaga meňzemeýär.Gapyňdaky malyň bolsa açlykdan horlanyp barýar.Bu ýyl ýagyn bolmansoň, meýdanda ot ýok.

Meýdana bakmaga çykarýan malyň hem aç gelýär.Melleklere eken ýorunjalarymyz hem suw ýetmezçiligi sebäpli, ýerden sähel saýlanyp, malyň garnyny doýrar ýaly oruma gelenok” diýip, ol ýaşaýjy aýdýar.

Şol bir wagtda bolsa kepegiň elde satylmagynyň dowam edýändigine ýaşaýjylar ünsi çekýärler. “Döwlete degişli bolan dükanlarda iým gyt bolsa-da, elde, hojalyklarda satylýan kepek hemişe satuwda bar. Elbetde, kepek satýan adamlaryň ony öz hojalygynda öndürmeýändigi belli” diýip, Ýolöten şäherniň ýaşaýjysy Gülnäz daýza aýdýar.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Gülnäz daýzanyň sözüne görä, döwlete degişli dükanlarda satuwa çykarylýan 30 kilogram agramy bolan, her kilogramynyň döwlet bahasy 30 teňňä durýan kepegiň elde bir haltasyny 36 manatdan satýarlar.

“Döwlet dükanynda adamlaryň gijesi bilen nobata durup, kepek alyp bilmän boş gaýdýan halatlary kän bolýar. Bu ýerde korrupsiýa hereket edýär. Ýogsam bolsa elde 4 esse bahasyna kepek satyp oturan satyjylardan, ol kepegi nireden alyp, şeýle gymmat bahasyndan satyp bilýändigini sorap biljek emeldar etrapda ýokmy näme?” diýip, Gülnäz daýza janygýar.

“Döwlet derejesinde korrupsiýanyň ýoguna ýanmak barada gürrüň edilse-de, iş ýüzünde ýagdaý düýbünden başgaça. Korrupsiýa ösmese kemänok. Onuň köki hem wezipeli emeldarlardan gaýdýar” diýip ýaşaýjylar aýdýarlar.

Iým ýetmezçiligi sebäpli mallaryny deger-degmez bahasyna satýandyklaryny hem ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Towugyň ýumurtgasy, sygryň süýdi bilen eklenip oturan işsiz ýaşaýjylaryň gün-güzeranlarynyň barha kynlaşýandygyny, emma ilatyň çekýän kynçylyklary, un ýetmezçiligi, iým ýetmezçiligi ýaly ýagdaýlar barada döwlet derejesinde gürrüň gozgalmaýandygyndan, ilatyň juda närazy bolýandyklaryny ýaşaýjylaryň köpüsi nygtaýarlar.

Şu ýylyň gurak gelmegi, suw ýoklugy sebäpli melleklerine hem gök we bakja önümlerini ekmekden saklanýandyklaryny aýdyp, ýolötenli we murgaply ýaşaýjylar geljek aýlarda nämäniň hasabyna ýaşap boljakdygyna akyl ýetirip bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynda iki günläp ýagan ýagyş ýerli ýaşaýjylary başagaý etdi, ekin meýdanlary zyýan çekdi
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Türkiýede iş saparynda boldy