Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimlerini ýeňilleşdirýär

Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimlerini ýeňilleşdirýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimleriň aňsat usulyny ornaşdyrýar. Täze ulgam ýurduň ilaty üçin serhetüsti maliýe amallaryny has eleýeterli etmäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda pul geçirimleri amala aşyrmak üçin müşderilere resminamalaryň iň az möçberini açyk walýuta hasabyny we şahsyýeti anyklaýan resminamasyny getirmegiň zerurdygy bellenilýär. Şeýle hem ulgam pul serişdelerini erkin ýörgünli walýuta hasabyna öwürmäge mümkinçilik berip, maliýe amallaryň amatlylygyny we ýeňilligini üpjün edýär.

“Biziň maksadymyz ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin halkara geçirimleri mümkin boldugyça elýeterli we amatly etmek” diýip, bank hünärmenleri belleýär.

Täze hyzmat barada giňişleýin maglumaty Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hünärmenlerinden we resmi web-saýtyndan alyp bolar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Türkmenistan hökümetiniň halkara maýa bazaryndaky wekili bolup, Türkmenistandaky Yslam Ösüş bankynyň dolandyryjysynyň edarasy hökmünde strategiki taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny we wezipelerini maliýeleşdirmek üçin orta hem-de uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny özüne çekýär.

2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Beýik Britaniýanyň Financial Times abraýly neşiriniň The Banker žurnaly tarapyndan 15-nji gezek Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Türkmenistanyň iň gowy banky” diýip atlandyryldy.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-däki söwdalaşyklar: bahasy $36 milliondan gowrak bolan mazut satyldy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen howanyň üýtgemegine degişli meseleleri maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda BAE-niň energetika ministrini kabul etdi
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi
Italiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistana sapar ederler
Türkmenistan döwlet emlägine degişli 43 desgany bäsleşikli söwda çykardy