Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Gurban baýramy bien gutlady

Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Gurban baýramy bien gutlady

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar!Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilen ýylda bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň merdana halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk hem-de ylham-joşgun paýlap, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan iň gadymy hem-de mukaddes baýramlaryň biridir.Many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe — beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar we jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar, täze maksatlara ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny şanly wakalar, döredijilik we zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrýan 2021-nji ýylda hem mukaddes Gurban baýramyna bagyşlanyp, üç günüň dowamynda paýtagtymyz Aşgabatda, eziz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda baý mazmunly, köp öwüşginli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.

Iň gadymy döwürlerden bäri umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan, öz ýoluny, ýörelgesini döreden merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki döwrüň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan asylly däbimize görä, her maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary taýýarlanylýar.

Dünýäde parahatçylyk we dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär.Baýramçylyk dabaralarynyň ählisi jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün edýär, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýar, bagtyýar durmuşa buýsanyp, täze üstünlikleri gazanmaga hem-de belent sepgitlere ýetmäge egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Eziz halkym!Biziň halkymyzyň medeniýetleriň baýlaşmagyndaky orny örän uludyr.Watançylygy, gahrymançylygy, edermenligi, ýokary ahlaklylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan milli ýörelgelerimiz, müňýyllyklarda kemala gelen däp-dessurlarymyz, Abdylla ibn Mübärek, Mahmyt Zamahşary, Baýezit Bistamy, Abu Sagyt Abulhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlarymyzyň dürdäne öwüt-ündewleri külli ynsanyýetiň ruhy dünýäsine hem-de ahlagyna oňyn täsir edýän, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan hazynadyr.

Asyrlaryň dowamynda emele gelen hem-de jahana ýaýylan bu gymmatlyklar biziň watansöýüjiligimiziň we agzybirligimiziň, ähli ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň mizemez binýadydyr.Bu gün mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine, manyly ömürlerini beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna bagyş eden pederlerimiziň tejribelerine daýanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys.

Täze obadyr şäherçeleri, döwrebap senagat toplumlaryny döretmek bilen, döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris.Bu ugurda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy geljekki nesillere ýetirmek, nesillerden-nesillere ýetip gelen kämil we gaýtalanmajak maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, milli bähbitlerimize, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna gönükdirilen syýasaty alyp barýarys.Dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary has-da giňeldýäris hem-de ösdürýäris.

Dünýä halklarynyň medeniýetine, däplerine we dessurlaryna, taryhyna sarpa goýmak bilen, bu gymmatlyklara halklaryň ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýarys.Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!Sizi Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!Goý, Gurban baýramy günlerinde amal ediljek tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar we parahat durmuşynyň hatyrasyna ediljek doga-dilegler beýik hem-de keremli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş hem-de maşgala abadançylygyny arzuw edýärin.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

More related articles

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna