Kazan şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRIKS Sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatarystan-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Bu gatnaşyklarda ýurdumyz Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS Sammitiniň ýokary derejesini belläp, bu wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegini we onuň çäklerinde meýilleşdirilen maksatlaryň gazanylmagyny arzuw etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň saldamly goşandyny nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow golaýda ýene-de baryp görmek hem-de beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara foruma gatnaşmak mümkinçiligine şatdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň çäklerinde köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyzy Tatarystan Respublikasynyň Duslyk ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklary ösdürmäge uly goşandy üçin mynasyp boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimize Duslyk ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy we şunuň bilen baglylykda, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen hormat-sarpa üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu sylag Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmagy bolup durýar diýip belledi. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk türkmen-russiýa strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
Goý, şu ýokary sylag biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrülsin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa Duslyk ordeniniň gowşurylandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň doganlyk halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.