3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi.
...Ir bilen çärä gatnaşyjylaryň müňlerçesi welosipedlerde Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygyna ýygnandylar. Bu ýerde Aşgabadyň binagärlik keşbine bezeg berýän Welosiped binasy ýerleşýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, hataryň öňüni çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna bu künjekleriň gözelligini synlady. Tomus säheriniň tämiz howasy, gök begrese bürenen Köpetdagyň etekleriniň haýran galdyryjy görnüşleri ruhubelentlik eçilip, unudylmajak täsirleri bagyşlaýar.
Ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, bag nahallarynyň dürli görnüşleri ekilip, tokaý zolaklary döredilýär.Bu bolsa daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirýär.Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramagyň we oňa aýawly garamagyň döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de wise-premýer A.Ýazmyradowa birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gözel paýtagtymyzyň seýilgählerini hem-de seýil baglaryny kadaly ýagdaýda saklamak, şäherde ekologik abadançylygy üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamalydygyny belledi we bu babatda wise-premýer B.Annamämmedowa degişli tabşyryklary berdi.
Bütindünýä welosiped güni beýleki ýurtlarda-da bellenilip geçildi. 3-nji iýunda olar dürli sport çärelerini geçirdiler. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şol sanda ýurdumyzyň, beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guradylar.