Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý...

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Baş şäherimiziň gün-günden gözelleşýän demirgazyk künjeginde ähli zerur düzümleri bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat amatly toplumyň gurulmagy dowam edýär. Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren bu ýaşaýyş jaý toplumy ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde iň ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen dabaradaky çykyşynda halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, “Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýip nygtady.

Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir. Häzirki döwürde Aşgabat çägini giňeldip, döwrebap ösüşli şäherleriň birine öwrüldi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjegindäki baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Amanow hasabat berdi.

Dabaranyň geçirilýän ýerine barýarka, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ussat sazandalaryň we ata Watanymyzy wasp edýän aýdymçylaryň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Şondan aňyrrakda behişdi ahalteke bedewine atlanan çapyksuwarlar öwüsýän ýeliň ugruna parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ellerinde saklap, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Bularyň ählisi gadymy milli däplere ygrarly bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde okgunly ösýändiginiň hem-de rowaçlyk ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Dabaranyň geçirilýän ýerine tarap barýan ýoluň ugrunda baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler dikilipdir. Toý gazanlarynda milli tagamlar taýýarlanylýar. Ak öýleriň ýanynda çapady, pişme ýaly milli toý nygmatlaryny taýýarlaýarlar.

Bu ýerde atarylan toý gazanlarynda taýýarlanylan tagamlaryň taýýar bolanlary we milli aşhananyň özboluşly usullary arkaly bişirilen tagamlar dabara gatnaşyjylara hödür edilýär. Nygmatlaryň ýokumlylygy milli aşpezleriň ussatlygyndan habar berýär.

Dabaranyň dowamynda çagalar milli oýunlara gümra bolýarlar. Olar uly şowhun bilen aşyk oýnaýarlar. Bu ýerde ýaşlar bäsleşikleri guradylar. Häzirki döwürde tanap çekişmek ýaly milli oýunlar barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Gadymy döwürlerden bäri gelýän bu bäsleşik ýaşlaryň güýçli we toparlaýyn agzybir bolmaklaryny şertlendirýär. Bu ýerde pälwanlar türkmen göreşi boýunça güýç synanyşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz medeni çykyşlar üçin niýetlenen merkezi sahnanyň ýanynda saklandy we IIM-niň harby gullukçylaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Olar aýdym-sazly çykyşlary joşgunly tanslar bilen utgaşdyryp, ýurdumyzyň şöhratly taryhyny we häzirki döwrüni dabaralandyrdylar. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň häzirki durmuşyny görkezýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasynda mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly, ýaş nesilleri, türkmen esgerlerini watansöýüjilik, ata Watanymyza, halkymyza birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze ýaşaýyş toplumynyň Dolandyryş binasyna bardy. Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowyň özboluşly muzeýi döredilipdir. Bu muzeý 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda — Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlen gününde açyldy. Onda arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda harby atlar baradaky şahadatnamalaryň nusgalary, döwlet sylaglary, suratlar jemlenipdir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň atasy gulluk eden döwründe ýedi gezek ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy, “Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy üçin” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy. Ol 1982-nji ýylda içeri işler edaralarynda podpolkownik harby adynda gullugyny tamamlap, zähmet ýoluny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde dowam etdirdi.

Muzeýde içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň 1972 — 1975-nji ýyllarda ulanan “GAZ-69A”, 1980 — 1982-nji ýyllarda ulanan “GAZ-21” we “WAZ-2102”, şeýle hem “GAZ-69” we “RAF -997” kysymly gulluk awtoulaglarynyň, 1977 — 1996-njy ýyllarda ulanylan “DNEPR-II” motosikliniň hem suratlary bar.

Aýratyn diwarlykda Gahryman Arkadagymyzyň ene-atasy bilen düşen, maşgala arhiwinden alnan suratlar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň atasynyň jemgyýetçilik işi barada gürrüň berýän suratlar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowyň goşgularyna aýratyn orun berlipdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen esgerleriniň iň gowy däplerini mynasyp dowam etdirjek ýaşlaryň harby watançylyk terbiýesine berilýän üns döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Ýurdumyzyň baý taryhy, ata-babalarymyzyň hem-de ömrüni Watana gulluk etmäge bagyşlan ruhubelent adamlaryň beýik edermenligi ýaş Watan goragçylary üçin iň gowy göreldedir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna harby gullukçylaryň watançylyk terbiýesi boýunça işleri ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, bu ýerde mäkäm kök uran tut agajyny synlady. Bu agajy nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oturdypdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezi girelgesindäki toý bagyny kesdi.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çägi bilen gidip barşyna, türkmen alabaýlary bilen geçirilýän türgenleşikleri synlady. Olar çeýeligi, öwredilýän usullary ele almaga bolan ukyby hem-de ýyndamlygy bilen türgenleşigiň ähli ugurlaryny ýokary derejede amala aşyrýarlar.

Şeýle hem bu ýerde ajaýyp ahalteke atlarynyň gezim edýän pursatlary görkezilýär. Ynsan gylykly bedewler çapyksuwarlaryň görkezmesi bilen dürli hereketleri ýerine ýetirýärler. Behişdi bedewler taryhyň dowamynda türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Olar türkmen toýlarynyň we baýramlarynyň bezegidir.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde görkezilýän alabaýlar we bedewler ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli merkezlerdir toplumlarda ösdürilip ýetişdirilýär hem-de seýislenýär.

Häzirki döwürde ýelden ýüwrük bedewler we wepaly alabaýlar düýpli özgertmelerdir ösüşleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan ata Watanymyzyň döredijilik güýjüni alamatlandyrýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk milli däpleri häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejedäki ösüş ýoluna düşdi.

Göreş meýdançasyna çykyp, öz güýjüni we ussatlygyny görkezen pälwan gadymy milli dessura laýyklykda, ýörite baýraga mynasyp bolýar. Ýaglyga towusýan ýigitleriň şatlyk-joşgunlary dabaranyň şowhunyny artdyrýar.

Täze ýaşaýyş toplumynyň çäginde guralan aýdym-sazly çykyşlarda, sport bäsleşiklerinde hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň çykyş edýändiklerini bellemek gerek. Umuman, bu ýerde tutuş ýurdumyz ähmiýetli guralan dabara hakyky türkmen toýlaryna mahsus ruhubelentlik we joşgun bilen dowam etdi.

Türkmen halky toý-baýramlarda ýagşy dessurlary, dürli çykyşlary esasy ugur edinýär. Dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň häzirki döwürde dowam edýändigi ähmiýetlidir. Halk aýdymlary, sazlary, tanslar we milli oýunlar bu ýerde giňden ýazylan türkmen saçaklarynyň bereket bolçulygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şeýle hem milli atşynaslyk we itşynaslyk sungaty halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandynyň ajaýyp beýanydyr.

Soňky ýyllarda köp gatly ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej jaýlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzyň öz islegine we döwrüň talabyna görä amatly ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmäge bolan mümkinçiliklerini artdyrdy.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi barha giňeýär.Aşgabatda ak mermerli binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, köçeleriň depginli gurluşyklary hemmeleri haýrana goýýar. Ähli künjekde ýaşaýyş jaýlary gurlup, her ýylda maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny toýlaýarlar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr.Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň we işgärleriniň ýaşaýyş hem-de gulluk şertlerini gowulandyrmak barada döwletimiziň edýän aladasynyň netijesidir.

IIM-niň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bularda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.

Bu gün täze jaýa göçüp gelmek bagtyna mynasyp bolan IIM-niň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň sürüjisi Ýazmyrat Çüliýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowdan öz öýüne hormatly myhman hökmünde gelmegini haýyş edýär.

Gadymy döwürlerden bäri jaý toýuny tutmak adamlaryň durmuşynda aýratyn ähmiýetli waka hasaplanýar hem-de toý güni asyrlaryň dowamynda emele gelen milli däpler berjaý edilýär. Häzirki wagtda şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Täze jaýyň howlusyndaky baýramçylyk dabarasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz öýe girip, maşgala agzalaryny täze jaý bilen gutlaýar we otaglaryň ýerleşdirilişi, bu ýerde maşgala agzalary üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. Täze jaý özünde giň eýwany, uly myhmanhana hem-de umumy otaglary, döwrebap durmuş tehnikalary we mebeller bilen üpjün edilen aşhana-naharhanany, hojalyk otaglaryny birleşdirýär. Jaýyň timarlamak işlerinde döwrebap serişdeler ulanyldy.

Täze jaýa göçüp gelenler halkymyz hakynda aladasy we ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Öýüň giň otaglarynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryna laýyklykda, maşgala dabaralaryny, toý sadakalaryny geçirmek, myhman kabul etmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Kottej jaýlaryň gurluşygynda raýatlaryň ýaşaýyş we durmuş ýörelgeleri, häzirki döwrüň talaplary zerur şert hökmünde kabul edilýär. Olaryň gurluşygynda ýerli çig mallardan taýýarlanan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Meýdany 8 sotoga barabar bolan mellek ýerinde ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýa-da miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýörite meýdança döredilipdir.

Täze jaýa göçüp baran köp çagaly maşgala döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerine uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda raýatlarymyz ähli amatlyklary özünde jemleýän şeýle ajaýyp jaýlarda ýaşamaga hem-de çagalaryny terbiýeläp ýetişdirmäge mümkinçilik aldylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy ugrudygyny belledi. Bularyň ählisi Aşgabadyň ajaýyp keşbinde öz beýanyny tapýar.

Diýarymyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygardan ugur alnyp, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, olary hemmetaraplaýyn goldamaga, bu çäreleri kanunçylyk derejesinde berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hukuk hem-de durmuş kepilliklerini döretmegiň harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyryljakdygyny, olar üçin döredilýän ýeňillikleriň netijeliliginiň ýokarlandyryljakdygyny nygtady.

Täze jaýy synlan mahalynda, hormatly Prezidentimiz çagalar bilen söhbetdeş boldy. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän goşgulary joşgunly ýerine ýetirdiler.

Bagtly maşgalanyň agzalary ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin döredilýän şertler üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hoşallygyň nyşany hökmünde däp bolan toý düwünçegini gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow maşgala agzalaryny täze jaýlary bilen ýene bir gezek gutlady hem-de olara abadançylyk, bagtly durmuş arzuw edip, öý eýelerine toý sowgatlaryny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz täze öýe göçüp baranlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşüp, mähirli hoşlaşdy.

Toplumyň jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyrylypdyr, köçeleriň ugrunda hem-de jaýlaryň golaýynda saýaly baglar oturdylypdyr. Munuň özi toplumyň çäginde degişli ekologik ýagdaýyň saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Ýurdumyzda döredilýän tokaý zolaklarynyň çäginiň artmagy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy ählumumy göreşe mynasyp goşant bolup durýar.Her bir şäheriň we ilatly ýerleriň töwereginde tokaý zolaklarynyň döredilmegi amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň ýazky möwsümine badalga berilmegi bilen, mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde gök zolaklaryň çägi has-da artar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniňdir miweleriň, öndürilýän azyk önümleriniň sergisini synlady. Degişli düzümleriň kömekçi hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýän ter oba hojalyk önümleriniň bu edaralaryň şahsy düzümlerini üpjün edýändigini bellemek gerek.

Sergide görkezilýän et önümleriniň dürli görnüşleri dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda balykçylyk bilen meşgullanylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Bu ýerde ýyladyşhanalarda we açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň birnäçe görnüşleri, gaýtadan işlenilen we gaplanylan önümler görkezilýär. Üzümiň, burçlaryň dürli görnüşleri, badamjan, alma, armyt, nar, käşir, şugundyr, ýeralma we beýleki önümleriň hili we ýokumlylygy olara edilýän idegiň ýokary derejededigini aňladýar.

Mundan başga-da, bu ýerde tüwi, mäş, noýba we beýleki birnäçe däneli önümleriň görnüşleri goýlupdyr.Munuň özi bu düzümleriň ekerançylykda oňyn tejribe toplandygyny görkezýär.

Sergide şeýle hem kömekçi hojalyklarda ösdürilip ýetişdirilen künjüden ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilen künji ýagy görkezildi. Mälim bolşy ýaly, künji ýagy Gündogaryň aşpezleriniň höwes bilen ulanýan önümleriniň biridir. Bu önümiň ulanylmagy onuň hoşboý ysy hem-de kesel bejerijilik häsiýetleri bilen şertlendirilendir.

Mundan başga-da, harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda balaryçylyk hojalygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.Munuň şeýledigini şu sergide hem görmek bolýar.Bu ýerde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ähli melhemlik häsiýetlerini özünde jemlän ary balynyň dürli görnüşleri görkezildi.

Bularyň ählisi halkymyzyň asudalygynyň, parahat durmuşynyň, tertip-düzgüniň goragynda duran harby we hukuk goraýjy edaralaryň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň diňe bir bölegidir.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, olaryň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Dürli ugurlar üçin ýokary hünärli gullukçylaryň taýýarlanylmagyna, öňdebaryjy tejribäniň işjeň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergi bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy edaralara degişli kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi.Harby gullugyň sport, zähmet bilen işjeň meşgullanmak arkaly sazlaşykly utgaşdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň saglygyny berkidip, köpasyrlyk milli däplere wepalylygyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Sergini synlanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Şu günki şanly waka ýurdumyzyň asyrlar aşyp gelýän milli däplere ygrarlydygyny we mähriban Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş toplumynyň täze kottej jaýlary bilen üstüniň ýetirilmegi halkymyzyň we ýaş nesilleriň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Zenan özünden pişigini has gowy görýändigi üçin adamsyny kazyýete berdi
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekiliýeti Almaty şäherinde iş saparynda bolýar
Azerbaýjan Özbegistandan sowadyjylary import edýän ýurtlaryň başyny çekdi