2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy, diýip TDH habar berýär.Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanparahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.
Mejlisiň düzümleýin ýolbaşçylary milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, halkyň arasynda guralýan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny giňden wagyz etmek, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, parlamentiň işine ösen tejribeleri ornaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny habar berdiler.
Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary amala aşyrylýan işler, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň raýatlarymyzyň we ýurdumyzyň zenanlarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça görýän çäreleri barada habar berdiler. Şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň amala aşyrylyşy barada aýdyldy.
Milli Liderimiz kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmek, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň deputatlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi.Döwlet Baştutanymyz deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek we ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek boýunça meýilnamalar barada durup geçdi.
Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gülläp ösmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyny üpjün etmek we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň birnäçesi kabul edildi.
Bu maksatnamalaryň doly amala aşyrylmagy üçin biziň ählimiz tutanýerli we yhlasly işlemelidiris, Mejlisiň deputatlary hem bu maksatnamalarda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny berkitmek üçin, döwrüň talaplaryna laýyklykda hereket edýän kanunlary kämilleşdirip, zerur bolsa, täze kanunlary kabul etmelidir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy hil taýdan täze, iki palataly parlament ulgamyna geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlary barada durup geçip, olaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny belledi.
Göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler hökmünde il içinde at-abraýly we uly hormatdan peýdalanýan, Watany söýýän ak ýürekli adamlaryň hödürlenmegi örän möhümdir.
Sebäbi, geljekde Milli Geňeşiň Halk maslahaty palatasynyň işiniň degişli derejede netijeli bolmagy onuň agzalarynyň bilim derejesine we hünär taýýarlygyna bagly bolar.Bu talaplaryň berjaý edilmegi Milli Geňeşiň palatalarynyň özara sazlaşykly işini ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir, Mejlis we Merkezi Saýlaw topary bu ugurdaky işi dowam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýlelikde, biz erkin bäsleşik, aç-açanlyk, pikir we söz azatlygy babatda demokratik kadalara eýerip, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçireris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berdi.Ol milli Liderimiziň her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyp, döwletimiziň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek barada gymmatly maslahatlary berýändigini, her bir pudagy depginli ösdürmegiň aýdyň ugurlaryny görkezip, hereket etmegiň ýollaryny salgy berýändigini, anyk wezipeleri kesgitläp, adalatly bellikleri edýändigini nygtady.
Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanymyzyň hukuk özgertmelerini yzygiderli amala aşyrmak boýunça berýän maslahatlarynyň deputatlary tutanýerli hem-de netijeli zähmet çekmäge borçly edýändigini belläp, milli Liderimizi deputatlaryň ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, ynsanperwerlik kadalaryna eýerip, kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglygy, maşgala abadançylygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyşyny “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ruhubelent şygar bilen jemledi.