DÖWLET BAŞTUTANYMYZ HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY

Şu gün, 2024-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillerimize ýetirmekde örän ähmiýetlidir.

Hatyralamak çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyralamak çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Ýene degişli makalalar

Apreliň yzygiderli medeni we sport çäreleri studentleri ýadadýar
Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
Balkanda mallar derman we lukman ýetmezçiliginden gyrylýar
Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
Sebitleriň saglyk edaralary uly Berdimuhamedowyň gyzynyň saparyna taýýarlanýar
Çeşme: Harby gulluga çagyryş ýaşyny 30 ýaşa çenli ýokarlandyrmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär