Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün — ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi.
Dabaraly çärä ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hasabatlary kabul etdi.
Welaýatlaryň häkimleri oba zähmetkeşleriniň adyndan milli Liderimizi daýhanlaryň gazanan uly zähmet üstünligi bilen gutladylar.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, olaryň esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny hem-de eziz Diýarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, daýhanlaryň zähmetini ykdysady taýdan höweslendirmegiň usullaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli maşynlarynyň hasabyna pudak tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, önümçilige öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp düzmeler ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, obada döwrebap ykdysady gatnaşyklar ýola goýulýar, eýeçiligiň dürli görnüşleri ösdürilýär. Gowaçany ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler gatnaşýarlar, olara milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlarda döredilen oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan ýer bölekleri berildi.
Her sebitde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, däne üweýän kärhanalar, maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary guruldy. Önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar.
Giň gerimli maksatnamalary, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Diýarymyzyň ähli sebitleri tanalmaz derejede özgerdi.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen kabul edilen oba durmuşyny şäheriň şertlerine ýakynlaşdyrýan maksatnama laýyklykda, welaýatlarda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk we medeni merkezleri, sport desgalary, nusgalyk düzümli döwrebap şäherçeler gurulýar, bu bolsa adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany diýlip yglan edilen ýylda merdana daýhanlarymyz özleri barada edilýän alada iş bilen jogap berip, Watan harmanyna ak altynyň 1 million 250 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýetişdirilen pagtany soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin batly depginler bilen zähmet çekmegi dowam edýärler.
Welaýatlaryň daýhanlarynyň hem-de ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de zähmetsöýer daýhanlar hakynda edilýän hemmetaraplaýyn alada üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi, şeýle hem milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat hem-de şu ýyl şanly senesini — hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belleýän ata Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikler arzuw edildi.
Baýramçylyk wideomaslahatyna gatnaşan her welaýatyň ýaş wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ak altyn ussatlarynyň gazanan uly zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli eziz Diýarymyzyň ajaýyp üstünliklerini wasp edýän joşgunly goşgularyny okadylar.
Welaýatlaryň häkimleri hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalara sowgatlary gowşurdylar.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, edermen daýhanlary, mähriban watandaşlarymyzy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra milli Liderimiz baýramçylyk wideomaslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Hasyl toýunyň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň örän uly many-mazmuna eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýramyň halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.
Milli Liderimiz häzir Watanymyzda ak bugdaýyň, pagtanyň, gök we bakja önümleriniň, miweleriň bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň rysgaly artyp, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup, saçaklarymyza dolýar.
Edermen daýhanlarymyza geljekde hem halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler dörediler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz edermen hasyl ussatlaryny zähmet ýeňşi hem-de Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin! diýip, sözüni jemledi.
Mähriban tebigatymyzyň baýlygyny artdyrmak — ekologiýa syýasatynyň maksady
7-nji noýabrda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.
Irden, asylly işe başlamagyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Hanbeg diýen ajaýyp bedewe atlanyp, bag ekmek çäresiniň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Öňki döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da ganatly bedewler halkymyzyň buýsanjydyr we şöhratydyr — toýlaryň hem-de ählihalk baýramlarynyň baş bezegi bolup, dabaralara ajaýyp öwüşgin we kalba joşgunlylyk berýär.
Ahalteke tohum atlarynyň dünýäde şöhratyny artdyrmak we gorap saklamak işinde hormatly Prezidentimize bimöçber uly hyzmat degişlidir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy ýagdaýlarynyň biri hökmünde aýratyn uly üns berýär.
Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyna, çölleşmä garşy göreşmäge, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamaga, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiýa köpdürlüligini goramaga hem-de birnäçe beýleki möhüm wezipelere degişlidir.
Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbitlerinde milli we dünýä möçberinde Milli tokaý maksatnamasy amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejesindäki forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda öňe süren başlangyçlary hem bu möhüm meseläniň çözülmegine gönükdirilendir. Şol başlangyçlar halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolup, bilelikdäki ekologik taslamalar we maksatnamalar üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.
Milli Liderimiziň howandarlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek baradaky maksatnama — munuň özi bütin adamzady tolgundyrýan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek ugrunda umumydünýä işine saldamly goşantdyr.
Ýurdumyzda bag ekmek boýunça çäräniň güýzüň ajaýyp günleriniň birinde geçirilmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk kämilleşdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz türkmen arçasyny oturdyp, bag ekmek işleriniň täze tapgyryna badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine agzybirlik bilen eýerip, çärä gatnaşýanlaryň hem her biri 30 düýp nahal ekdi. Halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini artdyrýan çärä gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ekilen baglaryň sazlaşykly ösmegini gazanmak üçin olara gerekli derejede ideg etmek zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ekilen nahallara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmegiň zerurdygy barada görkezme berdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi adamlaryň saglygyny goramak hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek ýaly wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumlarda daşky gurşawy goramak boýunça öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynda ekologiýa taslamalaryna möhüm orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak ýaly ählumumy wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň derýalarynyň, kölleriniň, Hazar deňziniň ekologiýa ulgamyny, deňziň biologik köpdürlüliginiň saklanmagyny goramak, suwlaryň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Şu günki dabara mynasybetli medeniýet işgärleri we sungat ussatlary tarapyndan geçirilen baýramçylyk konsertiniň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bag nahallarynyň ekilendigini, watandaşlarymyzyň sogap işe gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz köpri gurmagyň, ýol çekmegiň hem-de bag ekmegiň örän sogap iş hasaplanylýandygyny aýdyp, bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak däpleriniň nesilden-nesle geçip dowam edýändigini alamatlandyrýan köpçülikleýin bag ekmek möwsüminiň ekologiýa babatda möhümdigine ünsi çekip, bu ýörelgelere ýurdumyzyň syýasatynda ähmiýetli orun berilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sungat ussatlarynyň çykyş etmeginiň öň ýanynda çekilen asylly zähmetden soň, hoş owazly aýdym-sazlar bilen adamlaryň ruhunyň has-da artýandygyny belledi.
Konsertde Türkmenistanyň Gahrymany, mähriban Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazan, ähli türkmenleriň Arkadagy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklerini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan Güller açýar Türkmenistan! diýen aýdym ýerine ýetirildi. Onuň ruhuňy göteriji sözlerinde hem-de joşgunly mukamynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp geljegine bolan tüýs ýürekden buýsanç duýgusy beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşanda bag ekmek çäresine gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden ugrady.
“Maru — şahu jahan”.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!
8-nji noýabrda tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ol daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň özboluşly nyşanydyr. Aşgabadyň atçylyk sport toplumy paýtagtymyzdaky dabaralaryň merkezine öwrüldi, onuň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy.
Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar bar.
Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzda ak altynyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny ýerine ýetiren türkmen gallaçylary hem ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Daýhanlaryň bu gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp sowgat boldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Hasyl toýunyň öňüsyrasy Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda öňdebaryjy kärendeçileri, pagtaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan beýleki ekerançy hünärmenleri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, dabarada şu ýyl iň ýokary görkezijileri gazanan pudagyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň baş girelgesinde ýokary hasyl ussatlarynyň şanly zähmetleriniň hormatyna ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitleriň sergisi guraldy. Pudak edaralarynyň wekilleriniň taýýarlan diwarlyklarynda pagtaçylyk, pagtany gaýtadan işlemek, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylygyň, azyk we dokma senagatynyň önümleriniň nusgalary, tohumlaryň naýbaşy sortlary, däne we pagta ýüklenen öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalarynyň görnüşleri görkezilýär.
Ýurdumyzyň welaýatlary hem sergide baýramçylyk diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, ak altynyň täze hasyly bilen doldurylan horjunlary, şeýle hem bugdaý sünbüllerini, tamdyrda täze bişirilen çörekleri, işdäňi açýan pişmeleri, beýleki milli nygmatlary görkezdiler. Bu ýerde häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda merkezlerinde hem-de bazarlarynda satylýan bakja, miwe, ter gök önümleriniň we ir-iýmişleriň köp görnüşi görkezilýär.
Welaýatlaryň sergi bölümlerini Waharman, Garrygyz, Gyzylgülaby ýaly gawunlaryň, Jeýhun, Serdar, Dişim atly belli garpyzlaryň, Palaw kädi, Daş kädi, Düwdibişer diýen kädileriň tohumlary görkezilýän diwarlyklar bezedi.
Şeýle hem şu ýerde türkmen heýkeltaraşlary, suratkeşleri, zergärleri Diýarymyzyň ekerançylarynyň zähmetine, söýgüli Watanymyza bagyşlanan iň oňat işlerini görkezdiler hem-de şeýlelikde, serginiň owadan, döredijilikli bölümini guradylar. Dabara gatnaşyjylar hünärlerine täze başlaýan suratkeşleriň işlerini hem gyzyklanma bilen synladylar.
Halk bagşy-sazandalarynyň, göreşe hem-de dürli milli oýunlara gatnaşýan pälwanlaryň çykyşlary milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň ruhuna beslenen baýramçylygyň kalbyňa täsir edýän öwüşginini artdyrdy.
Atçylyk sport toplumyna tarap alyp barýan ýodanyň bir tarapynda ýurdumyzyň sport mekdeplerinde terbiýelenýän ýaşlar öz ussatlyklaryny görkezýärler.
Uly sahnada estrada aýdymçylary hem-de ýurdumyzyň döredijilik toparlary ruhubelent çykyşlary bilen ösüşlere beslenen özgertmeleriň başyny başlaýjy — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Diýarymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýärler.
Tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki edebi-sazly kompozisiýalar daýhanlara — asyrlardan bäri toprakdan bereketli hasyl öndürýän aladaçyl we janypkeş ýer eýelerine bagyşlandy.
Bu ýere ýygnananlar türkmen küştdepdi tansyny ýerine ýetirijilere agzybirlikli el çarpdylar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda küştdepdi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizildi.
Baýramçylyk sahnasynyň esasy aýdymçylarynyň ýerine ýetiren Hasyl toýy gutly bolsun, Arkadag! diýen aýdymy konsertiň jemlenmesine öwrüldi. Ruhubelent aýdym baýramçylyga gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň kalbyny Watanymyza, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa buýsançdan doldurdy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny diňlediler.
Milli Liderimiz öz Gutlagynda daýhanlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da berkidilýär diýip nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.
Paýtagtymyzyň aýlawynda guralan Hasyl toýy milli dabaralara bagyşlanyp geçirilen at çapyşyklary bilen dowam etdi. Çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijilere mynasyp bolan baýraklary gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
“Maru — şahu jahan”.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/12372