DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ BILIM EDARALARYNYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ BILIM EDARALARYNYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY

Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanan baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriniň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasyny açdy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda açylyş toý bagyny kesdi we atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlajak täze ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdy. Ýurdumyzda bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni binýady bolup durýan ylym-bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Bilim şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge hem-de olary okatmaga bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen yzygiderli we toplumlaýyn guraldyr. Şunda ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we doly açmak, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şu maksat bilen ähli ýerlerde iň täze kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylan, okuw enjamlary, multimediýa usullary bilen üpjün edilen mekdepler gurulýar.

Şeýle hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäheriniň ýene birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki täze okuw jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY