Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumynyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda başlanyldy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde guruldy.

Babadaýhan dokma toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, gatnaşyjylary täze kärhananyň gurluşygyna başlanylmagy bilen gutlady we bu toplumyň sebitiň ykdysadyýetini döwrebap derejede ösdürmäge, halkyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamadygyny aýtdy.

Mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan eksport ugurly pudaklarynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de dünýä bileleşigi bilen utgaşykly gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gaýtadan işleýän senagatyň täze desgasynyň ulanmaga berilmegi dokma pudagynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, ony ösüşiň täze belentligine çykarmagyň, ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri köpeltmegiň hasabyna, alynýan girdejileri artdyrmak ugrundaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýaty pagtadan we ýüpekden öndürilýän önümçilik üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan iri senagat sebitleriniň biri bolup durýar. Bu ýerde tehnologik kuwwaty boýunça ýokary hilli önümleri öndürmäge ukyply Gökdepe, Gypjak, Ruhabat dokma toplumlary hem-de birnäçe täzeçil usulda işleýän egirme we dokma kärhanalary bar.

Şu ýylyň awgust aýynda Kaka etrabynda dokma toplumy ulanmaga berildi. Şu gün açylýan önümçilik desgasy öňdebaryjy tehnologiýalaryň häzirki zaman derejesini hasaba almak bilen, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede durmuşa geçirmäge, bazar bäsleşigi şertlerinde ýokary hili üpjün etmäge ýardam berer.

Ahal welaýatynyň dokma kärhanalarynyň üstüni ýetiren täze senagat toplumynyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda işe girizilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Birnäçe döwletleriň hem-de daşary ýurt maýadarlarynyň gatnaşmagynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagy içerki bazarda ýokary hilli dokma önümleriniň bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.Daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri bilen mynasyp bäsdeşlik etmäge ukyply bu toplumyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň görnüşleri ýyl-ýyldan artýar. Ýeri gelende aýtsak, önümçiligiň ähli ugurlaryny öz içine alýan döwrebap dokma toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgertmeler bolup geçdi we Türkmenistan pagta çig malyndan taýýarlanan önümleri daşary ýurtlara eksport edýän iri ýurtlaryň birine öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň dokma pudagy häzirki döwrüň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmak meýillerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär.

Soňky ýyllarda pudagyň düzümine tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen onlarça täze kärhanalar goşuldy. Şeýlelikde, milli dokma senagaty halkara bazarlarda eýeleýän ornuny pugtalandyrdy.Mundan başga-da, ýüpek önümçiliginde, aýakgap we deri işläp taýýarlamakda işjeňlik görkezýän kärhanalaryň sany artýar.

Ýaponiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarynyň kärhanalarda işjeň ulanylmagy uly üstünliklere giň ýol açýar. Hususan-da, ýurdumyzyň dokma toplumlarynda Şweýsariýanyň Rieter, Benninger, Germaniýanyň Trützsсhler, Sсhlafhorst, Zinser, “Monforst”, “Küsters”, Italiýanyň “Marzoli”, “Mario Сrosta”, “Reggiani”, “Arioli”, “Savio”, Belgiýanyň “Picanol”, Ýaponiýanyň “Tsudakoma”, “Juki”, “Muratec” kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, öndürilýän önümleriň halkara hil görkezijilerine we ekologik howpsuzlyga laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidir. Pudagyň kärhanalarynyň önümleri “Önümçiligi dolandyryş ulgamy we hil gözegçiligi” ISO 9001, “Daşky gurşawy goramak” ISO 14001, “Zähmeti goramak we önümçilik howpsuzlygy” OHSAS 18001 güwänamalaryna mynasyp boldy.

Gaýtadan işleýän kuwwatly senagatyň döredilmegi Türkmenistanyň dünýäniň iri dokma öndürijileriniň hatarynda mynasyp orun eýelemegine ýardam berdi. Harytlaryň ýokary hil derejesine mynasyp bolmagy ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterdi.

...Täze dokma toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köp sanly dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň täze taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyljak şanly wakalaryň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary täze toplumyň ýanyndaky meýdança gondy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Dokma pudagynyň elleri baýdakly, dürli şarly işgärleriniň, ýaşlaryň hatara düzülen haly düşelen ýodajygy boýunça döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçiriljek ýerine geldi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň aýdymçylarynyň hoş owazly çykyşlary we joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ajaýyp çykyşlary üçin sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirip, toparyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa bilen söhbetdeş boldy.

Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň dowamynda häzirki döwürde ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet we sungat ulgamyna hem täzeçil usullaryň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, täze saz eserleri, tanslar döredilende, döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toparyň milli medeniýeti, aýdym we tans sungatyny ösdürmekde zerur işleri alyp barmalydygyny, häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän, milli sungatymyzyň nusgalyk ýörelgelerini öz içine alýan çykyşlary taýýarlamak ugrunda ähli tagallalary etmelidiklerini belledi.

Milli Liderimiz döwletimiziň medeniýet we sungat işgärleriniň has-da döredijilikli işlemekleri ugrunda mundan beýläk-de zerur şertleri döretjekdigini aýdyp, sungat işgärlerine täze, döwrebap eserleri döretmegi arzuw etdi.

“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň ruhy mirasynyň baýlaşdyrylmagyna, doly derejeli döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilmegi ugrunda ýadawsyz alada edýändigi hem-de yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, geljekde-de öz zehinlerini we ylhamyny eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine bagyş etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz esasy dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Hemmeler ör turup milli Liderimizi garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda beýik işleriň bitirilýändigini, durmuşyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ýokary netijeleriň gazanylýandygyny belledi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli onlarça döwrebap desgalar ulanylmaga berildi.

Bu ajaýyp üstünlikler, taryhy sepgitler bagtyýar halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etjek belent maksatlara gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Biziň baş wezipämiz ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly itergi berjek iri desgalary yzygiderli gurup ulanmaga berýäris. Şunuň ýaly täze, döwrebap kärhanalardyr desgalar bolsa eziz Diýarymyzyň ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýandygynyň, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändiginiň aýdyň mysalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iri dokma toplumy işe girizildi. Şu gün bolsa welaýatyň Babadaýhan etrabynda hem ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze dokma toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýär.

Bu bolsa Garaşsyzlyk eýýamynda düýbünden täzeden döredilip, milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň birine öwrülen dokma senagatynyň uly ösüşlere beslenýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwrülen dokma senagatynda uly önümçilik kärhanalarynyň ençemesi bar.Olarda köp sanly adam iş bilen durnukly üpjün edilýär.Pudakda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän täze kärhanalar yzygiderli gurlup işe girizilýär. Şolarda zähmet çekýän işgärleriň köpüsi daşary ýurtlarda hünär tejribesini ýokarlandyryp geldi.

Munuň özi pudagyň döwrebap ösmegini, dokma önümçiliginiň barha giňelmegini, netijede bolsa milli harytlaryň hiliniň ýokary bolup, içerki hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanmagyny üpjün edýär.

Garaşsyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarynda dokma senagatyny ösdürmek boýunça hem giň möçberli çäreler göz öňünde tutulýar. Pudagy ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.

Bereketli türkmen topragynyň gymmatly baýlygy, halkymyzyň altyna deňeýän milli guwanjy bolan ak pagtamyz indi dolulygyna öz ýurdumyzda gaýtadan işlenip, şondan ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrýan ýokary hilli, köp görnüşli taýýar önümler öndürilýär.

Ekologik taýdan arassa bu harytlar dünýä bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar.Netijede, gymmatly çig maldan taýýarlanan önümleriň bahasy birnäçe esse ýokarlanyp, olar gyzyl pulda döwletimize köp möçberde girdeji getirýär, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Häzirki döwrüň iri we döwrebap kärhanalarynyň biri bolan Babadaýhan dokma toplumy dört sany önümçilik birligini özünde jemleýär.Umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollary bolan täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär.

Tutýan meýdany 20 gektar bolan döwrebap kärhanada işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin önümçilik binalaryndan başga-da, iki gatly edara binasy, dürli ammarlar, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk desgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, iki gatly, 16 orunlyk myhmanhanalaryň ikisi ýerleşýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak bu toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz toplumyň ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül metr dürli görnüşli, şol sanda 18 million metr boýalan mata hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendigini aýtdy.

Täze kärhananyň önümleri içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, köp möçberde serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde özümizden artýan taýýar önümleri beýleki döwletlere-de ibermäge şert döreder. Bu bolsa pudagyň eksport mümkinçiligini, gelip gowuşýan maliýe serişdelerini artdyrmaga uly goşant goşar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwrebap toplumyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzda 1 müň 150 sany täze iş orny dörär. Bu bolsa golaýdaky etraplardyr şäherleriň ilatyny hem iş bilen üpjün etmekde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biz mundan beýläk-de ýurdumyzyň geljegi uly bolan dokma senagatyny depginli ösdürmäge, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny amala aşyrarys.Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän iri innowasion önümçilikleri döretmek, hereket edýän kärhanalaryň durkuny toplumlaýyn täzelemek boýunça işleri dowam ederis.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, Döwlet adam üçindir!diýen syýasatymyzdan ugur alyp, işgärleriň iş we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns bereris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda hemmeleri Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda iri önümçilik kärhanalarynyň biri bolan, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze dokma toplumynyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bu döwrebap kärhanada zähmet çekjek işgärlere bolsa Garaşsyz Watanymyzyň dokma senagaty pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Belgiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň (ISO) bu günki dabara sanly ulgam arkaly goşulan wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Ýene degişli makalalar

22.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Türkmenistanyň dokma pudagynyň infrastrukturasyny innowasion usulda ösdürmegiň aýratynlyklary
Türkmen ykdysadyýetiniň senagat ugry ösýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Dokma senagaty pudagynyň täze toplumy