Dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy

Angliýada üç müňden gowrak işgär hepdede dört gün işlär.Synag maksady bilen ýola goýlan bu düzgüniň çäklerinde işgärleriň aýlyklary hiç hili azaldylmaz.Alty aýyň dowamynda ýygnalan maglumatlar Kembrij uniwersitetiniň, Oksford uniwersitetiniň we Boston Kollejiniň bilermenleri tarapyndan seljeriler.

Bu başlangyç 4 Day Week Global atly gurama tarapyndan durmuşa geçirilýär.Bu başlangyja 70 kompaniýa goldaw berip, jemi 3 müň 300 töweregi işgär gatnaşýar.Bu synagda işgärleriň iş netijeliligi bilen bir hatarda daşky gurşaw we gender deňligine täsiri hem ölçener.

Şeýle düzgün Şotlandiýada we Ispaniýada hem synagdan geçiriler.

Geçen ýyl şeýle synag Islandiýada hem geçirilip görlüpdi. Şol synagyň şowly tamamlanandygy mälim edilipdi.

Pandemiýa döwründe uzakdan işlemek üçin döredilen şertler we bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy şeýle düzgünlere bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.

Arzygül BALLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Hepdelik dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
Iň köp aýlykly ýurtlar belli edildi
Her ýyl 80 wulkan atylýar
Syýahatçylara ylham berýän peýzažlar
Hakan Fidan: "Günbatar Gazadaky gyrgynçylygyň sessiz şärigidir" diýdi
Hakan Fidan Norwegiýa sapar gurar