Dört günlik gepleşiklerden soňra Türkmenistan we Owganystan EGÝ-niň gurluşygy barada ylalaşyga gol goýdylar

Dört günlik gepleşiklerden soňra Türkmenistan we Owganystan EGÝ-niň gurluşygy barada ylalaşyga gol goýdylar

28-nji ýanwarda dört günläp Kabulda geçiren gepleşiklerinden soňra Türkmenistanyň topary we “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) owgan energiýa şirketiniň wekilleri Nur a Jihad energiýa merkezine berilýän energiýa liniýalarynyň kuwwatlylygyny 110 kilowattdan 220 kilowata ýetirmek barada ylalaşyga gol goýdylar.Bu barada Hytaýyň Sinhua habar gullugy DABS wekillerine salgylanyp maglumat berýär.

Türkmenistanyň halkara energiýa taslamalaryna ýolbaşçylyk edýän Myrat Artykowyň baştutanlyk edýän türkmen topary 24-nji ýanwarda Kabula barypdylar. Şeýlede türkmen tarapynyň gepleşiklerine Türkiýäniň Calik Enerji şirketiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Iki tarap energiýa merkez bilen ilteşikli taslamadan başga-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji liniýalarynyň gurluşygy barasynda hem maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň näme sebäpden uzak dowam edendigi anyklaşdyrylmaýar.The post Dört günlik gepleşiklerden soňra Türkmenistan we Owganystan EGÝ-niň gurluşygy barada ylalaşyga gol goýdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen energetikleri Kabulda gepleşikleri geçirdiler
Owganystan bilen Türkmenistan elektrik üpjünçiligi taslamasy boýunça şertnama gol çekdi
Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika ulgamynda täze Şertnama baglaşyldy
TOP energetika ulgamyndaky derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy