Dört aý dowam eden toý

Hindistanda milliarderleriň çagalary 29 ýaşly Anand Ambani hem-de 29 ýaşly Radika Merçant asyryň toýuny toýladylar. Jübütleriň nika däplerine bagyşlanan dabaralar dört aýlap dünýäniň dürli ýerlerinde dowam etdi. Bularyň ählisi üçin ýaşlaryň maşgalalary 600 million dollardan gowrak çykdajy etdiler.

Aziýanyň iň gurply adamy bolan Mukeş Ambaniniň ogly Anant Ambani we onuň gelinligi Merçantyň toýy Mumbaýda dört gije gündiz dowam etdi. Hindi däp-dessurlaryna laýyklykda geçirilen toýa meşhur adamlar dünýäniň belli aýdymçylary, işewürler we syýasatçylar gatnaşdy. Olaryň arasynda Kim we we Hloe Kardaşianlar, Angliýanyň ozalky hökümet başlyklary Toni Bleýr hem-de Boris Jonson dagy bar.

Jübütleriň toý dabaralarynyň ilkinjisi mart aýynda başlapdy. Üç gün dowam eden şol dabarada belli aýdymçy Rianna hem çykyş edipdi. Maý aýynda bolsa Ambanileriň maşgalasy “Bollywood” ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda Ýewropada lýuks ýahtada gezelenç edipdiler. Dünýäniň iň baý 10-njy adamy bolan Mukeş Ambaniniň 115 milliard dollarlyk baýlygy bar.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda ýedi aý dowam eden nika toýy tamamlandy
Akşaý Kumar kinoçylary batyrýar
RŽD Russiýa-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Hindistan ugry boýunça demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýdy
Amina Mohammed Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna barar we suw meselesi boýunça konferensiýa gatnaşar
“Bollywood”-yň iki meşhur ýyldyzy durmuş gurdy
Hindi kompozitory Bappi Lahiri aradan çykdy