Döredijilik sergisi

Döredijilik sergisi

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýörite Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly uly göwrümli geçiriljek çäräniň Türkmen Döwlet Ýörite Çeperçilik mekdebiniň ussat halypa we ýaş hünärmen suratkeşleriniň gatnaşmagyndaky toparlaýyn sergisiniň dabaraly açylyşy bolup geçdi.

Türkmen Döwlet Ýörite Çeperçilik mekdebinde döredijilikli işläp, özlerini görkezen ýaş suratkeş mugallymlarymyzyň ýerine ýetirmegindäki, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýan we gözel tebigatymyzy wasp edýän döwrebap, “millilik äheňindäki” nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserleri surat ýoluna düşen ýaş zehinleriň döredijilik ýörelgesinde täze öwüşginli sahypany açýandyr.

Biziň Türkmen Döwlet Ýörite Çeperçilik mekdebimizde ençeme ýyl bäri işläp, tejribe toplan, halypalarymyzyň eserleri ilkinjileriň hatarynda bolup, serginiň açylyşyny dabaraly garşy aldylar.Mekdebimizde ýyllar boýy zähmet çekip gelen ýaşuly mugallymlarymyzyň yhlasy bu günki gün halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýärler.

Baýdurdy Berdiýew, Aleksandr Kinýakin, Öwezmuhammet Akmuhammedow, Abdylla Mämmetberdiýew, Myrat Hojagulyýew, Berdi Çaryýew, Aman Aşyrgeldiýew dagylaryň döredijilik taglymaty täze suratkeşler nesliniň kemala gelmegine itergi berdi.Okuwçy taýýarlap olary hakykatçyl we dogruçyl sungat ýoluna ataran halypalarymyzyň eserlerinde adamyň gündelik durmuşynyň sada we ýönekeý pursatlaryny özleriniň taslamalarynda şeýle bir gyzykly we täsirli beýan eýleýärler.

Meselem: Myrat Hojagulyýewiň we Abdylla Mämmetberdiýewiň nakgaşçylyk işlerinde göräýmäge sadaja oba äheňlerinde nyşanalyk we çuňňur durmuş pelsepesi ýitiden duýulýar.

Oba durmuşynyň ajaýyp mukamyny öz eserlerinde juda joşgunly janlandyrýan Baýdurdy Berdiýew öz önüp-ösen mähriban öýüniň, oba halkynyň düýnki ýaşaýşyny eziz, mährem we tolgundyryjy taslamalaryň üsti bilen tomaşaçynyň aýratyn ünsüni çekýändir. Çeperçilik mekdebimiziň halypa mugallymy A.Kinýakinyň grafiki işleri aýratyn öwgä mynasypdyr.

Ol milli tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny, gülçemenli meýdanlaryny uly ruhlanma bilen suratlandyrýar.Suratkeşiň öz eserlerinde biziň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, adatlarymyzy millilik äheňinde täzeden dikeldip görkezýär. Öwezmuhammet Akmuhammedow ýörite çeperçilik mekdebiniň ynamly, wepadar mugallymlaryndandyr.

Onuň natýurmortlarynda näzik gülleriň şekilleri we adamyň öz adaty durmuşynda hiç-hili üns bermeýän jansyz jisimleri ýerlikli ýetirip, şekillendiriş sungatynyň nepis nusgalaryny döredýär.Marina peýzažynda bolsa, Hazar deňziniň asuda gök asmanyň astynda dury mawy reňkini hakyky (real) görnüşde berip bilipdir.

Aman Aşyrgeldiýew altynsöw sary reňkini öz peýzaž eserlerinde ulanyp, tebigatymyzyň jöwzaly, yssy howasyny Köneürgenç medeni zolagynda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri bilen utgaşdyryp getirýär.Berdi Çaryýew öz nakgaşçylyk eserlerinde nyşanalyga möwç urýar.

Dag geçileriniň gözlerinden içiňden geçip gelýän howply garaýşynda, giden çylşyrymly umman ýatandyr. Çeperçilik düşnüksizligi labyzly getirmegi başaran, Berdi Çaryýewe döredijilik ýolunda üstünlikleri arzuwlaýarys.Indiki suratkeşimiz Toýly Çopanowyň eserleri taryhy geçmişiň wakalaryny gürrüň berýän dartgynly we gyzykly çeper filmi ýatladýar.

Bu ýerde köne döwürlerde ata-babalarymyzyň agyr durmuşy,watançylyk urşy ýyllaryndaky halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygy aýdyň şöhlelenýär.Realizm stilinde öz ussatlygyny ýüze çykaran bu suratkeşiň eserleri tomaşaçynyň kalbynda uly täsir galdyrýandyr.

Täze ýylyň beýik şygaryny göterýän bu ajaýyp sergide türkmen halkynyň buýsanjy bolan, ahalteke bedewleriniň şanyna bagyşlanan şahyrana eserleriň joşgunly owazy uzaklardan ýaň salýar.Türkmen bedewleriniň gözel syratyny çeper suratlandyran A.Baýramowyň işlerinde türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň asyllylygy, ýyndamlygy, gözelligi, owadan we syratly keşbi nakgaşçylyk teswirliginde özüniň aýdyň şöhlelenmesini tapýar.

Amaly-haşam sungatynyň iň ýokary çeperçilik tälimlerini ussatlarça ulanan Şazada Orazberdiýewiň zergärçilik önümlerinde “millilik duýgusy” eriş-argaç bolup geçýändir.Täze döwrebap ülňülere esaslanyp, gelin-gyzlarymyz üçin niýetlenen şaý-sepleriň täzeden işlenen görnüşlerini getirip görkezýär.

Dünýäde iň owadan türkmen zenanlarynyň görküne gözellik çaýýan bu şaý-sepleriň inçe we nepis bejergisi, suratkeşiň ýokary çeperçilik ussatlygyndan habar berýär.

Şeýle hem mekdebimiziň ýaş suratkeş mugallymlary Laçyn Toýlyýewa ajaýyp miniatýura we Merjen Amangylyjowa nakgaşçylyk eserleri bilen sergimizi dowam etdirýärler. Ýaş suratkeş hökmünde kemala gelen täze nesliň ýokary çeperçilik derejelere ýetmeklerini arzuwlap, olaryň döredijilikli we batyrgaý türkmen sungatyny ösdürmekde, mundan beýläk-de öz saldamly goşantlaryny goşarlar diýip umyt edýäris! G.Gurbangeldiýewa

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Halk Maslahatynyň adam hukuklary boýunça komitetiniň ýolbaşçy düzümi täzelendi
Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi