Döwlet eýeçiligindäki metbugat golaýda Türkmenistanda ýene onlarça bürünç heýkeliň guruljakdygyny habar berdi. Täze guruljak heýkeller barada öz pikirini aýdan synçylaryň käbiri Magtymguly Pyragynyň Aşgabadyň günortasyndaky heýkeliniň töwereginde dikeldiljek ýadygärlikleriň hakykatda Aşgabadyň ýapyklyk syýasaty’ babadaky tankyda gytaklaýyn jogap bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
“Häzirki wagtda sanawda daşary ýurtly edebiýatçylaryň 25-si bar, ýöne olaryň atlary yzygiderli üýtgäp dur” diýip, heýkeltaraş Saragt Babaýew döwlet habar serişdesine beren gürrüňinde aýdypdyr.
Hökümete ýakyn, ozal Saparmyrat Nyýazowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň heýkellerini döreden heýkeltaraşyň sözlerine görä, ýadygärligi dikiljek şahslar “edebiýatda özüni tanadan we dünýäniň taryhy taýdan üýtgemeginde yz galdyran adam bolmaly”.
“Göräýmäge, bu hereket dogrudanam ýurduň häkimiýetleriniň dünýä bilen medeni we gumanitar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine taýýardygyny, ýurduň "dünýä bilen medeni gatnaşyklara açykdygyny" görkezýän ýaly” diýip, synçy ýazýar.
Ýöne ol, öz pikir alşan intelligensiýa wekillerine, ýönekeý raýatlara salgylanyp, “bu hereket režimiň öz üzňelik, ýapyklyk, diýdimzorluk syýasaty babatda aýdylýan tankydy pikirlere jogap hökmünde oýnajak oýny bolmasyn?” diýip soraýar.
Aşgabadyň sazçylyk mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän, sowet döwrüniň aýagynda we Garaşsyzlygyň başlarynda belli estrada aýdymçylary bilen işleşen bir mugallymanyň ikiçäk gürrüňdeşlikde aýtmagyna görä, “türkmen hökümeti öz ýurdunyň içinde bagşylara, aýdym-saz we sungat işgärlerine, umuman, medeniýet ulgamynyň wekillerine erkinlik bermän, olaryň dünýä we goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryna böwet basyp, nädip dünýä ýurtlary bilen özara medeni gatnaşyklara "açyklyk we taýýarlyk" hakynda gürrüň edip bilýär?”
Adynyň aýdylmazlygyny soran pedagogyň sözlerine görä, sazçylyk mekdepleriniň okuw meýilnamasyna girizilen dünýä klassyklarynyň eserleri, ol klassyklaryň döredijiligi, durmuş ýoly hakynda maglumat almak üçin internet torundan peýdalanjak bolsaň, tas ähli saýtyň petiklenmegi netijesinde, gaty lapykeç bolýarsyň.
“Meşhur sazandalaryň eserlerini ýerine ýetirýän dünýä belli filarmoniýalar, teatrlar, sazly we simfoniki orkestrler bilen göni, aç-açan we yzygiderli aragatnaşyk, duşuşyk geçirip bolmaýar” diýip, Azatlygyň synçysy bilen söhbetdeş bolan pedagog aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, “döwlet propagandasy medeniýet ulgamynda döredilen uly boşlugyň diňe özi bilen doldurylmagyny talap edýär, dünýä bilen açyklyk, gatnaşyk hakynda pikir döremegine hem ýol goýmaýar".
Dünýä belli alymlaryň we edebiýatçylaryň heýkelleriniň guruljakdygy barada berlen habar “boş propagandadan we "açyklyga taýýarlyk illýuziýasyndan" başga hiç zat däl” diýip, Daşoguzdaky medeniýet öýleriniň biriniň işgäri anonimlik şertinde öz pikirini paýlaşdy.
Onuň sözlerine görä, Daşoguz welaýaty gadymy döwürlerden bäri dessançylygyň we bagşylaryň mekany bolup, bu ýerde ozaldan türkmen, özbek, gazak, garagalpak, umuman, bütin türki halklaryň halk döredijiliginde uly orun tapan dessanlary saza geçirip, dutar, gyjak, rybap sazynyň owazy bilen aýtmak uly bir dessura öwrülipdir.
Emma muňa garamazdan, soňky onýyllyklarda ýurduň bagşyçylyk, dessançylyk däplerini ösdürmek, ýaş sazandalara hemaýat bermek meselesinde hiç hili göze ilerlik iş edilmeýär. Munuň sebäbi, medeniýet işgäriniň pikiriçe, döredijilik erkinliginiň düýpden bolmazlygy bilen bagly.
"Bizde medeniýet we sungat işgärlerine hiç hili döredijilik erkinligi berlenok, hemme zat ýokardan gelen buýruk bilen edilmeli, diňe Arkadagy we Arkadagly Serdary öwýän aýdymlar aýdylmaly, tanslar oýnalmaly, goşgular düzülmeli, teatrda spektakllar goýulmaly. Bu bolsa sungat işgärleriniň döredijilik hyjuwyny ýoga çykarýar, ilaty bolsa medeniýet ojaklaryndan has daşlaşdyrýar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Täze guruljak heýkeller barada aýdylanda, bir tarapdan, heýkel gurmak gowy zat, ýöne ozaly ilata şol heýkelleriň şekillendirýän adamlary hakynda maglumat bermeli, ýöne bu hiç hili metbugat erkinliginiň ýok ýurdunda mümkin däl, berk senzura astynda işleýän mediada dünýä edebiýaty, dünýä edebiýatçylary, sungat we medeniýet işgärleri hakynda gepleşik bermek mümkinçiligi tasdan ýok, ýörite programmalar we dokumental filmler görkezilmeýär.
Ýerli synçynyň pikiriçe, bu ugurdaky uly boşluk diňe "Dünýä edebiýaty" žurnalyndaky gurak we çäkli makalalar bilen dolduryljak bolunýar.
“Bu žurnalda çap edilýän eserleriň terjime hiliniň pesligi, makalalaryň döwlet propagandasynyň ýiti eleginden geçirilmegi, şeýle-de abunanyň gymmatlygy oňa bolan islegiň pes bolmagyna sebäp bolýar” diýip, daşary ýurt eserlerini terjimede okamaga çalyşýan ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Pensiýa ýaşyndaky söhbetdeşimiz, ozalky žurnalist türkmen režiminiň soňky wagtlarda, belli bir derejede, "medeni gatnaşyklara açyklyga taýýarlygy görkezmek" yşaratlaryny edýändigini, ýöne munuň illýuziýadan başga zat däldigini öňe sürdi.
“Bu illýuziýaniň arkasynda Günbatar ýurtlaryna, halkara guramalara görkeziljek bolýan oýun görünýär, onuň üsti bilen ýyllarboýy edilýän "üzňelik, ýapyklyk, diýdimzorlyk" tankydyna jogap bermek synanyşygy edilýär” diýip, türkmenabatly söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri bu hili oýunlaryň üsti bilen barha kän halkara sanksiýalaryna we ýazgarmalaryna duçar bolýan Russiýanyň, sebit ýurtlaryna edýän basyşlaryny güýçlendirýän awtoritar Hytaýyň täsirleriniň peselmek ähtimallygyna özboluşly taýýarlyk görýär.
Resmi habara görä, Magtymguly Pyragynyň 60 metre golaý bürünç heýkeliniň töwereginde dikiljek 25 töweregi heýkel hem bürünçden ýasalar, ýöne olaryň beýikligi 3,5 metr bolar. Habrda bu taslamlaryň döwlet gaznasyna takmynan näçeräk serişdä düşjekdigi aýdylmaýar.
Mundan öň ýurtda Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow ýaly, häzirki zaman türkmen döwletiniň düýbüni tutmaga gatnaşan syýasatçylaryň ýadyrgälikleri ýykylyp, ýurduň ilkinji we ikinji prezidentleriniň, olaryň ýakynlarynyň ýadygärlikleri dikilipdi, gündogar we türkmen-sowet ýazyjy-şahyrlarynyň, Nury Halmämmedow ýaly tanymal adamlaryň ýadygärlikleri dikilip, başgaça pikirlenýän döredijilk wekilleri dilden berlen buýruk esasynda gadagan edilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.