Döredijilik duşuşygy

Döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa bilen okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi.Duşuşykda Gözel Şagulyýewa özüniň täze ýazan ajaýyp goşgularyny okady.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň şu günki ýaş nesillerimiziň bagty üçin alyp barýan beýik işleri, halypa-şägirtlik ýoly, şeýle hem şu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, bu uly toýa görülýän taýýarlyk barada giňişleýin söhbet etdi.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşan okyjylar bilen sorag-jogap alyşyldy.

Halypa şahyr Gözel Şagulyýewa söhbetiniň soňunda bize şu ajaýyp döwri beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy
Arkadag hem Pyragy — köňülleriň çyragy
BELENT BOÝLY USSADYM
Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, şany dünýä dolýar Magtymgulynyň
Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň Belent boýly ussadym atly kitabyna syn