Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-de ençeme ýyllaryň dowamynda zähmet çekip we bir- näçe şägirtleri ýetişdiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Gataşsyzlygynyň XX ýyllygyna bagaşlanan ýubileý medalinyň eýesi Aşyrmyrat Ýazmyradow bilen Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda “Döredijilik Duşuşygy” ady bilen konsert dabarasy geçirildi.
Konsert düzilen meýilnama boýunça iki bölüme bölünip I bölüm söhbetdeşlik, II bölümi bolsa Aşyr halypanyň “Halk saz gurallar” we “Milli saz gurallar” orkestri bilen bir näçe ýagny Gadjy Hanmammedowyň “Tar we orkestr üçin №2-nji konserdiniň III-bölümi”, şeýle hem türkmen halk sazy “Köne güzer” we türkmen halk sazy “Sona gelin” (Gargy tüýdik üçin täzeden işlänler: Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmyrat Ýäzmyradow we Garahanow) eserleri ýaňlanyldy.Halk saz gurallar orkestrinyň derežory Astanogly Baýramow, Milli saz gurallar orkestrynyň derežory Gadam Jumagulyýew.
Konsertiň birinji bölüminde Aşyr halypa Gargy tüýdiiginiň gadymy saz gurallarynyň biridigini şeýle-de oňa degişli taryhy rowaýatlary ýagny (Aleksandr Makedonstinyň) Isgender Zülkarneýiň şahy barada döredilen rowaýaty, halypa tüýdikçiler ýagny Baky Moşakow we Ýazmuhammet Köse barada gyzykly rowaýatlary we olaryň döreden sazlary, şägirtleri barada hem gürrüň berdi. Şeýlede Gargy tüýdiginde dem alyş usullaryny Gargy tüýdiginiň adam saglygyna ýetirýän täsiri we Gargy tüýdügiň ýasalyş aýratynlyklary barada ýaş talyplaryň soraglaryna halypa gyzykly jogaplary bilen söhbetleşdigimizi has hem gyzyklandyrdy.
Gürrüňdeşligiň dowamynda halypa Gargy tüýdiginde türkmen halk sazy “Öwezim”, Baýramdyrdy Hudaýnazarowyň mekdebimiziň IV talyplarynyň sazandarlyk etmeginde “Juwan göründi” sazyny çalyp we ýanama aýdymy hem ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz halypy şägirtlik ýoluny ösdürmekde uly bir mekdep bolup durýar, we onuň üçin ähli mümkünçilikler hem döredilýär şeýle-de Arkadag Prazidentimiz ussatlyk sapaklaryň hälişindi gurnalyp geçirilmegini ündäp geçýär, şol ündöwlere jogap edip halypa mugallym sazandalar bilen “Döredijilik duşuşyklary gurnalyp geçirilýar.
Hormatly Prazidentimiziň yglan eden Türkmenistan Parahatçylygyň we Ynanşmagyň Watany ýylynda, Ak Merjen şäheri Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramçylygy, şeýle-hem Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30-ýyllyk baýramynda ýurdumyzda ähli ulgamynda uly işler alnyp barylyp, baýramçylyk sowgatlary bilen barýarlar.
Birz medeniýet sungat işgärleri bolup, bu baýramçylyga uly sowgatlar bilen maksar edinýäris täzeden täze eserleri döredýäris.Hormatly Arkadag Prezidentimizi şeýle mümkinçilikleri döredýändigi üçin tüýs ýüregimizden sag bolsuny aýdýarys, goý elmydama onuň alyp barýar işleri uly rowaçlyklara beslensin.