Golaýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistan gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky, dürli kärdäki raýatlar gatnaşdylar.
Oňa hödürlenilen eserler makala, oçerk žanrlarynda bolup, bäsleşigiň jemlenýän gününe çenli 35-e golaý awtordan gelen 70 iş hasaba alyndy.Olaryň ençemesi Türkmenistan gazetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi atly rubrika astynda çap edildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, eminler topary hödürlenen işleriň içinden iň mynasyplaryny saýlap-seçdiler.Baýrakly orunlara mynasyp görlen makalalarda türkmen obasynyň günsaýyn özgerýän keşbi, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, täze, döwrebap obalary gurmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi atly döredijilik bäsleşiginiň Baş baýragyna Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti mynasyp boldy. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Adalat gazetiniň habarçysy Aşyrmät Garlyýew 1-nji, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, mirasgär Halmuhammet Hajyýew, Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni Dädebaý Pälwanow 2-nji, Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy Toýly Ýazgulyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Ogulnur Ataýewa 3-nji orunlary eýelediler. Ýeňijiler Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem-de bäsleşigiň ýeňijileriniň çykyşlaryna giň orun berildi.Olar täze taryhy eýýamda şäher bilen bäsleşýän obalarymyzda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda belent ösüşler gazanmak üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler hakynda belläp geçdiler. Çykyş edenler oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Çäräniň çäklerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirip, dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar.