Dördünji günden soň türkmenistanly samboçylaryň yklym çempionatyndaky medallary 16-a ýetdi

Dördünji günden soň türkmenistanly samboçylaryň yklym çempionatyndaky medallary 16-a ýetdi

Türkmenistanly samboçy Jamaludin Gurbanow şu günler Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilýän Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyndaky ikinji medalyny hem gazandy. Ol ýaryşyň dördünji gününde ýetginjekleriň arasynda 98 kilogramdan ýokary agram derejede düşekçä çykyp, bürünç medalyň eýesi boldy.

Alty medal gazanylan günde beýleki medallary hem ýigitler gazandylar. Has takygy, söweş sambosy boýunça ýaryşlarda Nowruz Ataýew 58 kilograma çenli agram derejesinde kümüş, Dawid Awçýan 71 kilograma çenli agram derejesinde bürünç, Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew 79 kilograma çenli agram derejesinde kümüş, Mämmetgurban Mämmetgurbanow 88 kilograma çenli derejede bürünç, Babajan Iwadullaýew hem 98 kilogramdan ýokary derejede bürünç medallaryň eýesi boldular.

Şeýlelikde, türkmenistanly türgenleriň umumy medallarynyň sany 16-a, şol sanda altyn medallarynyň sany 2-ä, kümüş medallary 4-e, bürünç medallary 10-a çykdy.

7-nji iýunda başlanan ýaryş 11-nji iýunda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar
Geçen möwsümiň tersine
Somalide Guralan Bombaly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy